Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin ýörite mejlisi


22.05.2018


Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Hökümetiň ýurdumyzda sporty ösdürmäge bagyşlanan giňişleýin ýörite mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine şu ýyl geçiriljek has möhüm ähmiýetli sport çärelerine görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler girizildi.


Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşmak üçin halkara guramalaryň, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň orunbasarlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary, jemgyýetçilik hem-de sport guramalarynyň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.


Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, soňky ýyllarda ýurdumyzda sporty ösdürmäge örän köp üns berilýändigini belledi. Sport ulgamyny ösdürmäge köp milliardlarça manat möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Bu ugurda gurlan we gurulýan desgalaryň hatarynda köp sanly sport mekdeplerini we desgalaryny, Olimpiýa şäherçesini görkezmek bolar. Olimpiýa şäherçesinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi.


Ýurdumyzyň türgenleri halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşýarlar. Olar bu ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeläp, medallara, şol sanda altyn medallara hem mynasyp bolýarlar. Şu ýyl hem Türkmenistanda halkara ähmiýetli iri sport çäreleriniň birnäçesi geçiriler. Olaryň geçiriljek döwrüne çenli az wagt galdy. Şoňa görä-de, biz gysga wagtyň içinde bu sport çärelerine düýpli taýýarlyk görmek boýunça köp işleri amala aşyrmalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçiriljek «Amul - Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyna tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, bu ugurda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermek üçin degişli ýolbaşçylara söz berdi.


Ilki bilen içeri işler ministri I.Mulikow ýokarda agzalan halkara awtoralli ýaryşyny geçirmäge görülýän taýýarlyk, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 17-nji fewralynda we 22-nji aprelinde gol çeken kararlaryna laýyklykda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny we döwrebap ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, wagyz etmek hem-de ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, guramaçylyk we iş toparlarynyň mejlisleriniň geçirilendigi barada habar berildi. Şolarda öňümizdäki sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmek meselelerine garaldy.


Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy halkara rallini üstünlikli geçirmek we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek, ýaryşlara meşhur türgenleriň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, “Africa Eco Race” kompaniýasy bilen şertnama gol çekilendigini hem-de geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada habar berdi. Häzirki wagtda Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezinde Türkmenistanyň ýygyndy toparyna wekilçilik etjek sürüjileri, şturmanlary we tehniki düzümi taýýarlamak üçin ýörite okuwlar guraldy.


Şeýle hem “Amul - Hazar 2018” halkara rallisiniň taslamasyny tanyşdyrmak boýunça şu ýylyň 8-nji maýynda belli ralli türgeni Žan Lui Şlesseriň gatnaşmagynda Halkara awtomobil federasiýasynda (HAF) geçirilen çäreler barada habar berildi.


Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy şeýle hem 16-njy maýda Moskwa şäherinde esasy neşirleriň 50-ä golaýynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen tanyşdyrylyş çäresi barada hasabat berdi. Duşuşykda öňde boljak halkara awtorallä taýýarlyk görlüşi, geçirilen saýlama tapgyr we beýleki çäreler hakynda gürrüň berýän wideorolikler görkezildi.


Soňra bu iri sport wakasyna taýýarlyk meselesi barada hasabat bilen sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň başlygy G.Agamyradow çykyş etdi.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň 21-nji ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011 - 2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we dürli görnüşler, şol sanda awtomobil sporty boýunça ýokary netijeli sporty goldamak boýunça uly işleriň geçirilýändigi bellenildi.


Degişli maddy-enjamlaýyn binýat döredildi we ol yzygiderli kämilleşdirilýär, türgenlerimiziň türgenleşikleri geçirmegi hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralýan ýaryşlara gatnaşmagy üçin mümkinçilikler hem-de şertler döredilýär. Muňa 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda döredilen Awtomobil sporty boýunça milli merkeziň alyp barýan işleri hem ýardam berýär.


Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň halkara awtoralli ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin tehniki üpjünçilik Awtomobil sporty halkara federasiýasynyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Türkmen awtosportçularynyň “Amul - Hazar 2018” iri möçberli ýaryşlarda baýrakly orunlary almagy üçin taýýarlyk işleri Içeri işler ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy tarapyndan tassyklanylan maksatnama laýyklykda alnyp barylýar.


Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sportuň şu görnüşi bilen meşgullanmagynyň hem-de sport awtoulagyny çylşyrymly emeller bilen dolandyrmakda görkezýän ýokary derejeli ussatlygynyň ýaş türgenlerimiz üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýändigi aýratyn nygtaldy. Döwlet Baştutanymyzyň “Amul - Hazar 2018” atly halkara awtoralli ýaryşynyň çäklerinde 2018-nji ýylyň 12-nji maýynda geçirilen awtoralli ýaryşyna gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şonda hormatly Prezidentimiz nobatdaky gezek ajaýyp netijäni görkezdi.


Milli Liderimize sport awtoulagyny ussatlyk bilen dolandyryp we ýokary netije görkezip, awtomobil sporty boýunça “Türkmenistanyň sport ussady” adynyň hem-de Ýeňijiniň Kubogynyň berilmegi, bellenen aralygy ýokary tizlikde geçendigi üçin “Amul - Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanmagy Türkmenistanyň awtomobil sporty boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň buýsanjy bolup durýar.


Aýratyn nygtalyşy ýaly, Arkadag Prezidentimiziň bu sport üstünlikleri ýurdumyzyň türgenlerini halkara ýaryşlarda täze ajaýyp ýeňişleri gazanmaga ruhlandyrýar.


Sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň güýzünde Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.


Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary gazanylanlar sportunyň ösdürilmegine uzak möhletleýin umumymilli maksatnamanyň guramaçylykly hem-de maksada okgunly häsiýetini berdi. Sport maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda görlen çäreleriň netijesinde eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, Aşgabat şäherinde bolsa sebitde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp Olimpiýa şäherçesi bina edildi. Şeýlelikde, dünýä ölçeglerine hem-de Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamy döredildi.


“Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen 2018-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Watanymyzyň dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwrülmegine gönükdirilen beýik başlangyçlary esasynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi döredildi.


Şeýle hem Olimpiýa oýunlarynda ýokary netijeleri gazanmaga ukyply türgenleri ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň Ýewropa ýurtlarynyň dünýä belli kompaniýalarynyň sport enjamlary we ylmy-barlag enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze binasyny gurmak hakynda çözgüt kabul edildi.


Hormatly Prezidentimiziň “2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda, degişli guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Toparyň geçiren mejlisleriniň ikisinde dünýä çempionatyny guramagyň meselelerine garaldy.


Häzirki wagtda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar. Ministrligiň ýanynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, iş topary döredildi. Onuň düzümine bu abraýly ýaryşlary geçirmek bilen baglanyşykly dürli ugurlar boýunça hünärmenler girizildi.


Şu ýylyň 28-nji oktýabry - 10-njy noýabry aralygynda türkmen paýtagtynda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna köp sanly türgenleriň, şeýle hem resmi wekilleriň, ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegine garaşylýar. Bu çempionatda ýeňiş gazanan türgenler 2020-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýollanma gazanarlar.


Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Çempionaty geçirmek boýunça bu düzüm bilen şertnama baglaşylyp, degişli Düzgünnama hem tassyklanyldy.


Şertnama laýyklykda, IWF-niň guramaçylyk işleri boýunça tehniki wekilleri taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdylar we Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň üpjünçiligine ýokary baha berdiler. Ýakyn wagtda guramaçylyk çäreleriniň çäklerinde ýurdumyza dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň gelmegine garaşylýar.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen hem-de türkmen Lideriniň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça alyp barýan syýasatynyň dünýä ykrarnamasynyň ýene-de bir subutnamasy bolan Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere taýýarlyk barada hasabat berdi.


Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda uzak aralyga amala aşyran welosipedli ýörişi ýaşlar üçin görelde bolup hyzmat edýär hem-de soňra Köpetdagyň eteginde talyplaryň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň köp sanly tarapdarlarynyň gatnaşmagynda guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş dünýä derejesinde ilkinji gezek bellenilýän welosiped baýramçylygyna görülýän taýýarlygy alamatlandyrdy.


Häzirki döwürde Türkmenistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde welosiped sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek üçin ähli şertler döredildi. Aşgabatda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde welosiped boýunça ýaryşlar boldy. Ýurdumyzda welosipedlerde şosse ýollary boýunça ýaryşlar guralýar.


Wise-premýeriň habar berşi ýaly, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda guramaçylyk işleri alnyp barylýar.


Bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda welosipedlerde dürli ýaryşlary guramak, ylgaw bäsleşikleri, gezelençler göz öňünde tutulýar. Bäsleşiklere badalga berilýän ýerlerde medeni çäreler, sungat ussatlarynyň çykyşlary guralar. Köpçülikleýin çärelerden başga-da, welosipedçi türgenleriň arasynda bäsleşikler geçiriler.


Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaryşlaryň geçirilmegine ak pata bermegi, şeýle hem bu bäsleşiklere, hususan-da, welosipedli ýörişe gatnaşmagy baradaky haýyş bilen ýüzlendi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen esaslandyrylan Bütindünýä welosiped gününiň halkara ähmiýetini aýratyn belledi. Bu Kararnamany dünýäniň 56 döwleti bilelikde dörediji hökmünde çykyş etdi.


Bu resminamanyň kabul edilmegi Milletler Bileleşigi tarapyndan Türkmenistanda sporta we köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli toplumlaýyn işlere ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.


Şu ýyl 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni ilkinji gezek belleniler. Şunuň bilen baglylykda hem-de Durnukly Ösüş Maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, welosiped sportunyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak babatda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler, şol sanda Türkmenistanda sportuň şu görnüşi boýunça dünýä, yklym we sebit derejesindäki çäreleri hem-de halkara usulyýet maslahatlaryny we sport okuw maslahatlaryny geçirmek boýunça teklipler hödürlenildi.


Şeýle hem 2019-njy ýylda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti (CIGEPS) hem-de BMG-niň ilatly nokatlary boýunça maksatnamasy (UN-HABITAT) bilen bilelikde şäher ulag ulgamy üçin welosipediň ähmiýetine bagyşlanan halkara maslahaty geçirmek teklip edildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen teklipleri makullady we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin toplumlaýyn çäreler görmegi hem-de bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.


Soňra mejlise çagyrylan Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasynyň prezidenti, bütin dünýä belli türgen Wýaçeslaw Ýekimowa söz berildi. Ol şu gün bu ýerde bolmagyň hem-de şeýle hormatly maslahatda çykyş etmegiň özi üçin uly mertebedigini nygtady.


Myhman pursatdan peýdalanyp, ilkinji nobatda, hut milli Liderimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan eden Rezolýusiýasyny kabul edendigi bilen türkmen Liderini tüýs ýürekden gutlady. 56 döwletiň bu Rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş edendigi dünýä bileleşiginiň durmuşynda bu başlangyjyň ýokary ähmiýeti hem-de Türkmenistanyň barha artýan orny barada habar berýär.


Bu bolsa öz-özünden düşnüklidir diýip, W.Ýekimow nygtady hem-de milli we umuman, halkara sportunyň, hususan-da, welosiped sportuň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň neneňsi uly goşant goşandygyny belledi.


Türkmenistanda welosiped sportunyň öňden gelýän däpleriniň bardygy oňat bellidir - welosipedçileriň birinji jemgyýeti Aşgabatda 1894-nji ýylda döredildi. Ýöne welosiped sportunyň ösdürilmegine soňky ýyllarda, dünýäniň sport bilen has köp meşgullanýan Prezidentleriniň biriniň, ýagny Türkmenistanyň Baştutanynyň tagallalarynyň netijesinde aýratyn depgine eýe boldy, şoňa görä-de, welosiped sporty Türkmenistanda ikinji ömrüni tapdy.


W.Ýekimowyň belleýşi ýaly, Köpetdagyň eteklerinden uzap gidýän ýollar ençeme onýyllyklaryň dowamynda sportuň bu görnüşi boýunça köp sanly milli ýaryşlary kabul edýär, soňky ýyllarda bolsa, öňdebaryjy türgenler üçin halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň geçýän ýerine öwrüldi. Munuň şeýle bolmagyna tutuş ýylyň dowamynda açyk asmanyň astynda welosiped sporty bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän Türkmenistanyň diňe bir ajaýyp howasy däl, eýsem, ýurduň ýokary hilli ýollary hem ýardam berýär.


“ARETI”-niň prezidenti Igor Makarow esaslandyryjysy we ýardam berijisi bolup durýan dünýäniň iň ökde welosiped toparlarynyň biri bolan “Katýuşa” iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görmek üçin gyş döwründe yzygiderli Türkmenistana gelip durýar.


Myhmanyň aýdyşy ýaly, Olimpiýa derejesiniň ähli ölçegleri boýunça gurlan üsti ýapyk ajaýyp welotrek hem ýokary baha mynasypdyr. Bu sport desgasynyň gurulmagy Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmek ugrundaky möhüm ädimdir. Daşary ýurtly bilermenleriň we Halkara welosipedçiler birleşiginiň hünärmenleriniň baha bermegine görä, bu ýerde hemme zerur talaplar berjaý edilipdir we ähli zerur düzüm göz öňünde tutulypdyr. Bu bolsa Aşgabatda iň ýokary derejeli halkara ýaryşlary geçirmäge şertleri döredýär.


Şunda welosiped sportuny işjeň wagyz ediji, welosipedli ýörişleri hem-de welosiped baýramçylyklaryny yzygiderli guramagyň başyny başlaýjy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmaty aýratyn nygtaldy. Şol çärelere döwlet Baştutanymyzyň özi gönüden-göni gatnaşýar.


Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasy “ARETI” kompaniýasy ýaly, hemişe Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlary, ýarany we dostlary bolupdy we mundan beýlägem bolar diýip, myhman tassyklady hem-de Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasynyň döwlet Baştutanymyzyň gol çeken “Türkmenistanda 2013 - 2017-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň maksatnamasyny” işläp taýýarlamaga örän işjeň gatnaşandygyny belledi. Şol maksatnama sportuň bu görnüşiniň ösmegine kuwwatly itergi berdi.


Maksatnamasyna trekde welosipedli ýaryşlar hem giren 2017-nji ýyldaky V Aziýa oýunlarynyň ýurdumyz tarapyndan görkezilen ajaýyp guramaçylygy göz öňünde tutup, Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasy özüniň Halkara welosipedçiler birleşiginde eýeleýän ornuny peýdalanyp, Türkmenistanda eýýäm 2019-njy ýylda sportuň şu görnüşi boýunça dünýä ýaryşyny geçirmek baradaky pikiri öňe ilerletmegiň üstünde yhlasly işlär diýip, W.Ýekimow aýtdy.


Myhman şeýle hem Türkmenistana şu saparynyň barşynda özüniň ýollaryň ýagdaýy bilen tanşandygyny we onuň şosse ýaryşlary boýunça bäsleşikleri guramaga hem doly laýyk gelýändigini nygtady.


Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň öňünde ýaş nesliň her welaýatda welosiped sporty bilen meşgullanyp bilmegi üçin mümkinçilikleri döretmek boýunça wezipeleri çözmekde Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasynyň we “ARETI”-niň bu ugurda kömek bermäge taýýardygy beýan edildi. Şol ýaşlardan soňra halkara ýaryşlarda Watanymyzyň abraýyny gorajak güýçli ýygyndy toparlary döredip bolar.


Ýokarda aýdanlaryny jemläp, Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletiň saglygy barada şeýle uly aladasy bolmadyk bolsa, ýurdumyzda sportuň şunuň ýaly depginli ösüşe eýe bolup bilmejegini aýratyn belledi. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek boýunça giň möçberli işler bilen birlikde, degişli hukuk binýady döredildi. Hususan-da, “Bedenterbiýe we sport hakynda” Kanun kabul edildi, ol raýatlaryň degişli hukuklaryny üpjün edýär we goraýar hem-de bu ulgamy höweslendirmek üçin kepillikleri döredýär.


Türkmenistanda sportuň ösdürilmegi döwletiň milli maksatlarynyň hem-de ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup, ýolbaşçylar öňde goýlan maksatlary amala aşyrmak üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmaýarlar diýip, ady belli türgen aýtdy.


W.Ýekimow çykyşynyň ahyrynda Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasynyň adyndan we hut öz adyndan welosiped sportunyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ýyllar ajaýyp sport keşbini saklamagyny we ýurduň bähbidine täze asylly başlangyçlarynda üstünlikleri, tutuş Türkmenistana bolsa durmuşyň ähli ulgamlarynda mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mazmunly çykyşy we hoşniýetli sözleri üçin Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýany kabul edendigine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şundan ugur alyp, häzir ýurdumyzda sporty mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz bu senäni bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.


Milli Liderimiz gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň jemini jemläp, olary üstünlikli çözmek boýunça anyk çäreleri kesgitledi.


Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowa degişli ýolbaşçylar, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri bilen bilelikde 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň ähli ýerlerinde welosipedçileriň gatnaşmagynda welosipedli ýörişi ýa-da welosipedli marafony geçirmäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz Aşgabat şäherinde köp sanly welosipedçiniň gatnaşmagynda welosipedli ýörişi guramagyň wajypdygyny belläp, bu ýörişe özüniň hem gatnaşyp biljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişiň geçjek ugurlaryny kesgitlemegi, bu ugurda ähli zerur taýýarlyk işleri geçirmegi hem-de Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bu ugurda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermegi tabşyrdy.


Ýurdumyzyň ilatynyň köp sanly haýyşlaryny nazara alyp, 3-nji iýunda ýurdumyz boýunça giň möçberli ekologiýa çäresini - awtoulagsyz güni geçirmeli. Bu çäre adam üçin amatly bolan iň oňat howa gurşawyny emele getirmekde aýratyn ekologiýa netijesine eýe bolar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ol şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň beden we ruhy taýdan kämilleşmäge ymtylyşyny goldamaga we ýokarlandyrmaga ýardam eder. Aýratyn hem daşky gurşawa oňaýly täsir eder. Ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge itergi berer. Ýurdumyzyň ilatynyň mähriban topragymyzyň ajaýyp tebigatyny goramaga aýawly çemeleşmegine ýardam eder. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, 2013-nji ýylyň 7-nji iýunynda kabul edilen degişli karara laýyklykda, bu ugurda bar bolan üpjünçilik ulgamlaryny döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça ähli çäreleri görmek, ýurdumyzyň ilatyny welosiped sporty bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça ähli zerur işleri durmuşa geçirmek möhümdir.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow I.Mulikowa we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe 3-nji iýunda ir sagat 7-den agşam sagat 19-a çenli paýtagtymyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketini çäklendirmegi tabşyrdy. Şol gün paýtagtymyzyň köçelerinde diňe jemgyýetçilik awtoulaglary hereket eder. Munuň özi welaýat merkezlerine-de degişlidir.


Hormatly Prezidentimiz içeri işler ministrine hem-de sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasaryna, ýurdumyzyň Awtomobil sporty federasiýasynyň başlygy G.Agamyradowa «Amul - Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyny üstünlikli geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, ýaryşa gatnaşýan awtomobilleriň ekologiýa taýdan ýokary derejä laýyk gelmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


Milli Liderimiz sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewe ýüzlenip, 2018-nji ýylyň 24-nji martyndaky karar esasynda ýurdumyzda geçirilýän halkara sport ýaryşlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny ýokary derejede taýýarlamak bilen bagly çykdajylary maliýeleşdirmek maksady bilen, ministrlikde Ýörite gaznanyň döredilendigini belledi.


Döwlet Baştutanymyz bu Ýörite gaznanyň serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, sportuň bu görnüşiniň ösüp gelýän nesilleriň arasynda giňden wagyz edilmegi üçin, ýaş welosiped söýüjileriň hereketini döretmäge ýardam etmegi, ýaş türkmenistanlylaryň arasynda bu ugurda gyzykly çäreleri we ýaryşlary geçirmegi tabşyrdy. Bu ýaryşlaryň jemleri her ýyl Bütindünýä welosiped gününde jemleniler.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty barada durup geçip, ony geçirmek hakyndaky Düzgünnamany Halkara agyr atletika federasiýasy bilen ylalaşyp tassyklamagyň zerurdygyny aýtdy. Çempionata gatnaşyjylary ýokary hilli iýmit bilen üpjün etmäge aýratyn üns bermeli, ýaryşyň geçýän döwründe lukmançylyk hyzmatlaryny talabalaýyk guramaly.


Bir söz bilen aýdylanda, bu abraýly ýaryşlara taýýarlyk görmek boýunça ähli zerur çäreleri görmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy we ýokarda agzalan çempionaty geçirmek baradaky guramaçylyk komitetiniň maslahatyny ýakyn wagtlarda geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiada Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gatnaşmagy bilen bagly meselä hem seretmegiň möhümdigi nygtaldy.


Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Dopinge garşy göreş baradaky milli agentlige, Milli olimpiýa komitetine, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda doping-ofiserleriň işiniň netijeli guralmagyny üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzda geçirilýän halkara ýaryşlary giňden beýan etmek, «Amul - Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň geçiriljek ugurlarynda esasy düşelgeleri kesgitlemek hem-de olarda şu ýaryşlara gatnaşyjylaryň dynç almagy üçin medeni çäreleri guramak boýunça tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bilim ministri M.Geldinyýazowa ýüzlenip, mekdeplerde geçirilýän bedenterbiýe sapaklarynda dürli netijeli usullary ulanmak, orta mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýaryşlary yzygiderli geçirmek boýunça görkezmeleri berdi.


Milli Liderimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa türgenler, şeýle hem sporty söýüjiler üçin sport bilen meşgullanmagyň kada görkezijilerini işläp taýýarlamagy, ilatyň arasynda ýaramaz endikleriň adam bedenine erbet täsiri we sagdyn durmuş ýörelgesiniň peýdasy barada köpçülikleýin wagyz-nesihat işlerini geçirmegi tabşyrdy.


Wise-premýer D.Amangeldiýewe ýerli häkimiýetler bilen degişli meseleleri ylalaşyp, iri häzirki zaman sport toplumlaryny we stadionlary gurmak bilen bir hatarda, ilatyň gür ýerleşýän ýerlerinde kiçi sport meýdançalaryny we kiçi bedenterbiýe-sagaldyş toplumlaryny goşmaça gurmagy hem göz öňünde tutmak barada tabşyryk berildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary öz gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda işgärleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmelidirler, olaryň köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketine gatnaşmagyny höweslendirmelidirler.


Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.


Hormatly Prezidentimiziň Hökümetiň giňişleýin ýörite mejlisiniň barşynda öňde goýan wezipelerini çözmek hem-de milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň birnäçe sport desgalarynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, birnäçe ministrlikleriň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýat häkimlikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda iş maslahatlary geçirildi.


Maslahatlara ýygnananlar sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde we sporty ösdürmekde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp hyzmatlaryny aýratyn bellediler. Munuň özi ýurdumyzda ozal görlüp-eşidilmedik giň gerime eýe boldy.


Iş maslahatlaryna gatnaşyjylar Bütindünýä welosiped güni, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, “Amul - Hazar 2018” halkara awtoralli hem-de öňde boljak beýleki iri halkara derejeli ýaryşlar mynasybetli çäreleri guramaçylykly we üstünlikli geçirmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Şol çäreler ýurdumyzyň sportunyň abraýyny täze belentliklere galdyrmaga gönükdirilendir.


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi