Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Birinji Hazar ykdysady forumy


Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi.


Forum dünýäniň dürli döwletlerinden wekiliýetlerini, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň esasy düzümleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ekspeditorlar assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň, şeýle hem iri maliýe-bank düzümleriniň ýolbaşçylaryny we wekillerini birleşdirdi. Ýygnananlaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary hem bar.


Birinji Hazar ykdysady forumy daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň bu ähmiýetli waka uly gyzyklanma bildirýändiginiň forumyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmekdäki we artdyrmakdaky täsirli ornunyň biçak uludygyna şaýatlyk edýändigini bellemelidiris. Onuň giň gerimliligi diňe bir Hazarýaka ýurtlaryň däl, eýsem, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly ähmiýete eýe bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.


Forumyň gün tertibi barada aýdylanda bolsa, ol Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa bilen baglylykda, döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça meseleleriň ençemesini öz içine aldy. Garaşylyşy ýaly, forumyň çäklerinde Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň orny, senagat, energetika, söwda, syýahatçylyk ulgamlaryna we beýleki pudaklara maýa goýumlaryny artdyrmak barada söhbetdeşlikler geçirildi. Munuň özi ýakyn we uzak geljegi nazara almak bilen, özara bähbitli işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz Hazar deňziniň meselesi boýunça duşuşyklaryň we halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitarap Türkmenistan hemişe şu sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmekde işjeň orny eýeläp, kenarýaka döwletleriň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar.


Forumyň çäklerinde dünýäde awtomobil gurluşygy babatda gazanylanlary şöhlelendirýän «Türkmen sährasy - 2019» halkara sergisi geçirildi. Onda täze ýeňil, ýolagçy, ýük awtoulaglary we ýörite tehnikalar görkezildi, awtomobil gurluşygy ulgamynda innowasion işläp taýýarlamalar, awtoaudio we wideo elektronikada iň täze ugurlar öz beýanyny tapdy. Giň möçberli gözden geçiriliş foruma gatnaşyjylara işewür duşuşyklar, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur şertleri döredildi.
Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan I Hazar ykdysady forumy Hazarda we oňa ýanaşyk sebitlerde köpugurly hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi bermäge, maýa goýum işini işjeňleşdirmäge, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, gojaman Hazary Ýewraziýada täze geoykdysady giňişligi kemala getirmekde möhüm orun eýeleýän hem-de häzirki döwrüň möhüm talaplaryna laýyk gelýän iri halkara ulag-üstaşyr halkasyna öwürmäge ýardam etmelidir.
Forumyň baý mazmunly maksatnamasy onuň çäklerinde geçirilen wakalaryň: iş duşuşyklarynyň we gepleşikleriň, hökümetara mejlisleriniň, ministrler derejesindäki maslahatlaryň, işewür geňeşleriň, bilermenler geňeşmeleriniň, mowzuga degişli maslahatlaryň we seminarlaryň, beýleki ugurdaş çäreleriň köpsanlysyny öz içine aldy.


Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa birinji Hazar ykdysady forumynyň ýokary derejede guralandygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik, netijeli işlemek üçin döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, Belent Başy aman bolsun! Watanymyzyň gülläp ösmegi, özgermegi, abraýynyň mundan beýläk hem arşa göterilmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!


Begençmyrat Ilamanow
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň
Maliýe hasabatlary we ylmy-önümçilik
bölüminiň müdiriniň orunbasary