Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde sözlän sözi


 


25.09.2019


Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Hanymlar we jenaplar!


Biz şu gün ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň - Halk Maslahatynyň ikinji mejlisini geçirýäris. Mejlisde Garaşsyz döwletimizi ykdysady we durmuş taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarys. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň konstitusion esaslaryny berkitmek we döwlet dolandyryşynyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmek bilen bagly meseleler bar.
Biz bu meseleler boýunça örän möhüm çözgütleri kabul ederis. Şeýle hem, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň käbir jemlerini jemläris.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini milli baýramymyza - Garaşsyzlyk gününe gabatlap geçirmek indi ajaýyp däbe öwrüldi.
Türkmenistan ýigrimi sekiz ýyl mundan ozal döwlet garaşsyzlygyny jar etdi. Biz demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap alyp, özygtyýarly we erkin ösüş ýoluna ynamly gadam basdyk.
Garaşsyzlygymyzyň jar edilen güni milli baýramymyz bolup durýar. Bu baýram türkmen halkynyň köp nesilleriniň garaşsyz ösüş hakyndaky arzyly arzuwlaryny asyrlaryň içinden geçiren şanly taryhy ýoluna çäksiz söýgimizi aňladýar. Mähriban Watanymyzyň ideallaryna, at-abraýyna we mertebesiniň belende galmagyna pugta eýermegimizi öz içine alýar.
Türkmenistanyň iň täze taryhynda biziň ýetýän belent sepgitlerimiziň we gazanýan üstünliklerimiziň, mähriban halkymyzyň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ajaýyp esasy bar. Ol bolsa, döwlet Garaşsyzlygymyzdyr!
Şoňa görä-de, men ýurdumyzyň we halkymyzyň bitewülik we jebislik, parahatçylyk hem-de ruhubelentlik, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk ýörelgelerini belende galdyrýan örän möhüm, ykbal özgerdiji waka hökmünde Garaşsyzlyk alnan gününiň Türkmen döwletiniň şanly taryhyna ebedilik ýazyljakdygyna berk ynanýaryn.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň jebisligini we agzybirligini üpjün etmäge gönükdirilen taglymatlary öňe sürüp, beýik maksatlara ýetmek ugrundaky gujur-gaýratyny, isleg-arzuwlaryny, döredijilik ruhubelentligini birleşdirip, Garaşsyz Watanymyzyň gadymy topragynda bagtyýar we abadan durmuşy berkarar etdik.
Milli maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmak bilen, Türkmenistanyň demokratik kadalara esaslanýan, ösen ykdysadyýeti bolan döwletler bilen bir hatarda sebit derejesinde hem, dünýä bileleşiginde hem doly ykrar edilmegini gazandyk.
Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde hemişelik oňyn Bitaraplygy iki gezek ykrar edilen döwletimiziň halkara borçnamalaryny amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirýän işleriniň netijesinde, biz dünýäniň dürli döwletleri we ýurtlary, abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýduk we ösdürdik.
Halkara hyzmatdaşlygynyň täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny emele getirmekde örän gymmatly tejribe topladyk. Häzirki döwürde Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýär. Şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasynyň köp sanly halkara komissiýalarynyň agzasy bolup durýar, bu Guramanyň dürli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar.
Dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýan Türkmen döwleti Ýer ýüzünde howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine ählumumy hyzmatdaşlygyň häzirki zaman halkara ulgamyny döretmäge mynasyp goşant goşdy.
Biz mukaddes Garaşsyzlyk baýramyny ajaýyp zähmet üstünlikleri, eziz Watanymyza çäksiz buýsanç hem söýgi, ruhubelentlik duýgulary bilen garşylaýarys.
Hormatly adamlar!
Şu ýylyň dokuz aýynda jemi içerki önümiň umumy möçberiniň 110 milliard manatdan hem gowrak bolmagyna garaşylýar. Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterim bolar.
Biz şu ýyl hem, geljek ýyl hem jemi içerki önümiň şeýle möçberde artmagyna garaşýarys. Senagat pudagy hem yzygiderli we durnukly depginler bilen ösýär. Jemi içerki önümiň umumy möçberinde bu pudagyň paýy 32,6 göterime ýetýär.
Maýa goýumlary ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň esasy guraly bolup hyzmat edýär. Tutuş ýurdumyz boýunça ähli çeşmeleriň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň 29 milliard manat (jemi içerki önümiň 26,2 göterimi) bolmagyna garaşylýar.
Ösüşiň senagat-innowasion nusgasyna gönükdirilen strategik ugry amala aşyrmak maýa goýumlarynyň 66 - 68 göterime golaýyny önümçilik ulgamyna gönükdirmek arkaly üpjün edilýär.
Geçen döwürde önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň ençemesi gurlup, ulanmaga berildi. Şonuň ýaly-da, zawod-fabrikler, mekdepler, hassahanalar, çagalar baglary, şäherçeler we ýaşaýyş jaýlary bina edildi.
Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça hem uly işler amala aşyryldy.
Nesip bolsa, ýene-de sanlyja ýyldan paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde täze, häzirki zaman şäherini hem gurarys. Bu şäher döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, medeni-durmuş desgalaryny öz içine alar. Şeýle hem, bu ýerde işewürlik ýa-da dynç alyş ulgamlaryna bildirilýän talaplara laýyk gelýän innowasion we ýokary tehnologiýaly edaralar ýerleşer.
Biz Gökdepe etrabynyň çäginde Ahal welaýatynyň täze merkeziniň düýbüni tutduk.
Bu şäherde welaýatyň dolandyryş desgalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdeplerdir çagalar baglary, edara binalary, Ruhyýet köşgi, drama teatry, kitaphanadyr muzeý gurulýar.
Biz geljek ýyllarda hem durmuş ulgamynda şeýle syýasaty alyp bararys.Ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleri muny ynamly aýtmaga esas berýär. Bu bolsa, mähriban halkymyzyň, her maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn alada etmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy, ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny aýdyň tassyklaýar.
Hormatly adamlar!
Tebigy baýlyklar, amatly ekologiýa we howa şertleri, häzirki zaman senagat önümçiligi, oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk, hyzmatlar ulgamlary ýurdumyzyň sebitlerini çalt depginler bilen ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Geçen ýyl biz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen örtüklerini öndürýän täze kärhanany dabaraly açyp, ulanmaga berdik. Şeýle hem, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän gazhimiýa toplumyny, Gyýanlyda bolsa, täze gazhimiýa toplumyny işe girizdik.
Şonuň ýaly-da, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Owadandepede täze kärhanany - «Türkmen aýna önümleri» kärhanasyny, şu ýyl bolsa, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawody işe girizdik.
Biz Lebap, Mary, Daşoguz, Balkan welaýatlarynda hem tebigy gazdan dürli önümleri öndürýän gazhimiýa toplumlaryny gurmagy göz öňünde tutýarys. Önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň gurluşygy hem üstünlikli dowam edýär. Şu ýylyň 9 aýynda 55 desganyň gurlup, ulanmaga berilmegine garaşylýar.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Oba milli maksatnamasy-da üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda 1,8 milliard manat möçberde maýa goýumlarynyň özleşdirilmegine garaşylýar.
Bu bolsa, ýyllyk tabşyrygyň 93,3 göterimine barabardyr. Suw arassalaýjy we geçiriji desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, gaz geçirijileriň, telefon ulgamlarynyň gurluşygy üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň telekeçileri «Aşgabat - Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny dowam edýärler.
Şu ýylyň galla hasylyny ýygnamak tamamlandy. Ýurdumyz boýunça 1 million 651 müň 100 tonnadan gowrak bugdaý ýygnaldy. Şeýle hem, 2 müň tonnadan hem köp pile tabşyrylyp, borçnama 111,5 göterim ýerine ýetirildi.
Pagtaçylyk oba hojalygynyň örän möhüm pudagy bolup durýar. Gowaçanyň hasylyny ýokarlandyrmak, pagtanyň täze görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek we hilini gowulandyrmak boýunça işler üstünlikli dowam edýär. Şu ýyl biz 1 million 50 müň tonnadan gowrak «ak altyn» ýygnamagy göz öňünde tutýarys.
Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak işi hem çalt depginler bilen alnyp barylýar.
Şu ýylyň 9 aýynda daşary söwda dolanyşygynyň 11 milliard amerikan dollary möçberde bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,8 göterim köpdür.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen, önümleriň daşary ýurtlara iberilýän görnüşlerini artdyrmaga niýetlenen kärhanalary gurmak we döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça hem giň möçberli maksatnama durmuşa geçirilýär. Netijede, eksport edilýän önümleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,4 göterim artdy.
Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejili böleginiň 9 aýda ep-esli artyp, jemi içerki önümiň 1,2 göterime, ýagny, 16 milliard manada golaý bolmagyna garaşylýar.
Gazanylan bu ajaýyp üstünlikleriň esasynda mähriban halkymyzyň yhlasly zähmeti, Garaşsyz Watanymyza bolan beýik söýgüsi ýatyr. Biziň amala aşyran we üstünlikli alyp barýan işlerimiziň ählisi eziz Watanymyzyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirilendir.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Görşüňiz ýaly, häzirki döwürde syýasy, ykdysady, medeni-durmuş özgertmelerini amala aşyrmak boýunça işler çalt depginlerde alnyp barylýar. Bu bolsa, ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkitmäge we dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine ýetmäge, biziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza laýyklykda mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bularyň ählisi ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Häzirki döwürde biziň öňümizde durýan wezipeler has kynlaşýar. Oňa dünýädäki köp sanly maliýe-ykdysady ýagdaýlar täsirini ýetirýär. Bu ýagdaýlar ylmy-tehniki pikiriň ösüşiniň ýokary derejesi, tehnologiýa ulgamynda ýetilen sepgitler, täze mümkinçilikler bilen hem baglydyr.
Şoňa görä-de, biz döwür bilen aýakdaş gitmek, ösen döwletlerden yza galmazlyk üçin ägirt uly serişdelerimizi we bar bolan şertlerimizi netijeli ulanmalydyrys.
Biz Döwlet býujetine esasy maliýe guraly hökmünde garaýarys. Şonuň üçin hem, önümçiligi durnukly ösdürmegiň, giň möçberli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň, umuman, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyndan ugur alyp, Döwlet býujetini üpjün etmegiň çeşmelerini gözlemelidiris.
Ýurdumyzyň bank we maliýe ulgamlarynyň dünýä maliýe ulgamyna goşulmagyna hem uly ähmiýet bermelidiris. Ykdysady çökgünlikleriň ykdysadyýetimize täsirini aradan aýyrmaga we azaltmaga aýratyn üns bermelidiris. Býujet ulgamynyň durnukly bolmagyny, çykdajylar boýunça döwletiň ähli borçnamalarynyň gürrüňsiz ýerine ýetirilmegini, çykdajylaryň rejeli we netijeli bolmagynyň derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli çäreleri görmelidiris.
Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak biziň syýasatymyzyň düzüm bölegi bolup durýar.
Şoňa görä-de, söwda-bazar gatnaşyklarynyň ösüşini çaltlandyrmak zerurdyr.
Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň durnukly bolmagyny we durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin zerur bolan ähli makroykdysady şertleri döretmelidiris. Dünýäde dowam edýän ykdysady çökgünlik we sarp ediş ulgamyndaky özgertmeler şertinde maliýe ulgamynyň durnuklylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, netijeli we durnukly salgyt ulgamyny döretmek işini hem güýçlendirmelidiris.
Alyp barýan salgyt syýasatymyza laýyklykda salgytlary dolandyrmagyň hilini kämilleşdirmelidiris. Çeýe we ylmy taýdan esaslandyrylan göterim möçberlerini, şeýle hem salgytlar boýunça dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde salgyt-gümrük möçberlerini ornaşdyrmalydyrys. Biz ykdysady ulgamy ösdürmek bilen bagly we bazar gatnaşyklaryna geçmegi göz öňünde tutýan maýa goýum ulgamynda hususy eýeçiligiň paýyny giňeltmelidiris.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Biz häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösdürmegi gazanmalydyrys. Içerki bazary halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjün etmek we bu harytlary daşary ýurtlara ibermek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak hem-de halkara ölçeglerine laýyk getirmek üçin esasy maddy binýat hökmünde sebitlerde hem ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmelidiris.
Bu işleriň ählisi esasy maksada ýetmekde - mähriban halkymyzyň abadançylygyny dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine ýetirmekde ýene-de bir möhüm ädim bolar.
Şeýle hem, alyp barýan döwlet syýasatymyzda zähmet gorlaryny üstünlikli dolandyrmak we zähmet bazary bilen bagly meseleleri oňyn çözmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň zähmet çekmäge konstitusion hukugyny degişli derejede amala aşyrmak üçin zerur şertleri döretmäge aýratyn üns bermelidiris. Şu maksat bilen, täze önümçilik we tehnologik desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamalydyrys. Bu desgalar täze iş orunlarynyň döredilmegini, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokary derejesini üpjün edýär.
Men Türkmenistanda adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny we şeýle bolmagynda galjakdygyny aýratyn bellemek isleýärin!
Biz her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberlerini yzygiderli ýokarlandyrýarys. Bu bolsa, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş -durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirip, alyp barýan syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Men şu ýerde siziň ünsüňizi ýene-de bir meselä çekmek isleýärin. Mälim bolşy ýaly, geçen Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütlere laýyklykda, ykdysadyýetiň örän möhüm pudaklaryny döwrebap ýagdaýa getirmek bilen bir hatarda, biz oba hojalygyny düýpli özgertmek boýunça işlerimizi hem dowam edýäris. Täze şertlere laýyklykda, guşçulyk, maldarçylyk, et we süýt önümçiligini has-da giňeldýäris.
Biz oba hojalygyny dolandyrmagy kämilleşdirmek, onuň düzümini özgertmek, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak, daşky gurşawy goramak maksady bilen, düýpli özgertmeleri amala aşyrdyk. Iň gowy dünýä tejribesini, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly obasenagat toplumynyň önümçilik düzümleriniň işini üýtgedip guraýarys.
Daýhan birleşiklerini, kärendeçileri we hususy telekeçileri zerur tehnikalar, dökün we tohum bilen doly üpjün edýäris. Şeýle hem, ýerlerde täze iş orunlaryny döredýäris. Şonuň netijesinde, obasenagat toplumynyň bäsleşige ukyply bolmagy barha ýokarlanýar. Bu ýagdaý, aýratyn-da, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerine, çig mala islegleri üpjün etmekde has aýdyň görünýär.
Oba hojalyk toplumynda bugdaýyň, inçe süýümli gowaçanyň bol hasyly ýetişdirilýär.
Biziň edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna ýokary hilli galla tabşyrmakda uly üstünlikleri gazanýarlar. Maldarlarymyz gara mallaryň, dowarlaryň we düýeleriň sanyny artdyrmakda belent sepgitlere ýetýärler. Ýurdumyzda guşlaryň sany hem köpelýär. Et we süýt önümleriniň öndürilýän möçberleri barha artýar.
Içerki bazar dürli görnüşli ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün edilýär. Bu bolsa, oba hojalygynda alyp barýan döwlet syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Şu ýyl hem gowaçanyň bol hasylynyň öndürilmegine garaşylýar. Häzirki döwürde ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak ýokary depginler bilen alnyp barylýar.
Şonuň bilen birlikde, bu pudakda entek köp sanly ulanylmaýan serişdeler we mümkinçilikler hem bar.
Şoňa görä-de, her bir ýolbaşçy, her bir daýhan milli ykdysadyýetimiziň binýadynyň berkliginiň, döwletimiziň kuwwatynyň köp babatda biziň yhlasly zähmetimize, agzybirligimize, döredijilik mümkinçiliklerimize baglydygyna doly düşünmelidir.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Biz daşky gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini goramagyň, tebigy baýlyklarymyzy aýawly hem-de netijeli ulanmagyň, durmuş we hojalyk desgalarynyň ekologiýa şertlerini üpjün etmegiň möhüm meselelerini çözmek üçin toplumlaýyn işleri amala aşyrýarys. Bu ugurda milli we sebit derejelerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara guramalary bilen bilelikde ähli tagallalary edýäris.
Birinji Hazar ykdysady forumynda hem Hazaryň ekologiýa ulgamyny goramak üçin, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly teklipleri öňe sürdük.
Biz öz milli däplerimizi tebigat bilen sazlaşykly dowam edýäris. Bu däpler gözbaşlaryny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Şunuň bilen baglylykda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde täze obanyň gurluşygyna badalga berildi. Ýokarda bellenip geçilişi ýaly, biz Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ýeke-täk zawody gurduk.
Şeýle hem, dolanyşykly, ýagny «ýaşyl ykdysadyýetli» iri önümçilikleri döredýäris. Bu önümçilikler ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmekde ilkinji ädimlerdir. Bu ugurda alnyp barylýan işleri çalt depginler bilen dowam etmek zerurdyr.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Men ählimiz üçin örän möhüm bolan ýene-de bir meseläniň üstünde durup geçmek isleýärin. Biz ýurdumyzyň nebitgaz-energetika pudagyny ösdürmek bilen bagly işlere aýratyn ünsli garamalydyrys. Pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze häzirki zaman toplumlaryny gurmaga uly ähmiýet bermelidiris.
Biz ýangyç çig malyny gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmagy, täze ýataklary senagat taýdan çalt özleşdirmegi, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini we «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegi öz öňümizde maksat edip goýýarys.
Bu işlerde ulanylýan sanly tehnologiýalaryň tutuş toplumyny giňeltmek, şol sanda 3D-modelirlemek usullaryny ulanmak arkaly giňeltmek örän möhümdir. Şeýle hem, halkara wezipelerini çözmek boýunça başlanan maksatnamalary işjeň dowam etmek zerurdyr. Aýratyn hem, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýaly maksatnamalara üns bermelidiris.
Gaz geçirijileriň köp ugurly ulgamyny döretmek, şeýle hem kontinentleriň we Aziýanyň üsti bilen gaz geçirijileriň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi uglewodorod serişdelerini halkara bazarlaryna ibermek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletleriň energetika howpsuzlygyny we ykdysady taýdan durnukly bolmagyny berkitmek, bütin Merkezi Aziýanyň we Aziýa sebitiniň Durnukly ösüşiniň maksatlaryna ýetmek üçin ýurdumyzyň eksport kuwwatyny düýpli artdyrmak zerur bolup durýar.
Şeýle hem, «Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan» gaz geçirijisiniň owgan bölegini, «Türkmenistan - Owganystan - Pakistan» elektrik geçirijisini hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak bilen bagly meselelere seretmek möhümdir.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri çözmek hem biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülmelidir.
Sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletimiziň ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Şoňa görä-de, bütin dünýäde sanly ykdysadyýet innowasiýalary öňe sürmegiň, bäsleşige ukyplylygy we ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmegiň möhüm şertine öwrüldi. Bu ugur ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda täze wezipeleri öňde goýýar. Şeýle hem, durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşmegiň zerurdygyny görkezýär.
Şoňa görä-de, birinjiden, biz ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmaga döwletimiziň durnukly ösüşiniň möhüm esasy hökmünde garamalydyrys. Döwlet dolandyryş ulgamyny, ykdysadyýetimizi, tutuş jemgyýetimizi ösdürmek üçin binýatlyk esas hökmünde baha bermelidiris.
Ikinjiden bolsa, dünýäde fiziki, sanly we biologiki häsiýetli tehnologiýalaryň utgaşmagyny aňladýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» eýýäm ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlaryna öz täsirini ýetirip başlaýar.
Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmegiň täze maksatnamasyny işläp taýýarlamaga ileri tutulýan wezipe hökmünde garamalydyrys.
Bu maksatnamada Türkmenistanyň Maglumat tehnologiýalary merkezini döretmegi göz öňünde tutmak maksadalaýyk bolardy.
Biz sanly ykdysadyýete geçmekde öňümizde durýan wezipeleri çözmek üçin programmaçylar, inženerler, tehnologlar ýaly hünärmenlere zerurlygy göz öňünde tutduk. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna täze ugurlary öwrenmegi, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamagy goşduk. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretdik.
Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri sanly ykdysadyýete geçmekde amala aşyrýan ähli özgertmelerimiziň gözbaşynda durmalydyr.
Şeýle hem, biz ýaş nesillerimizi terbiýelemäge ünsi güýçlendirmelidiris. Ýaşlar alan bilimlerine, ukyplaryna laýyklykda, çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny ulanarlar. Sanly düzümi bolan ykdysady desgalary dolandyrarlar.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Biz ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek bilen bagly meselelere 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçiren maslahatymyzda jikme-jik seredip geçdik. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 - 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda we bu ulgamlary yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirmek barada alada edýäris. Ylmy-tehniki ösüşi, ylmyň, tehnologiýalaryň, öňdebaryjy pudaklaryň we önümçilikleriň ösmegini üpjün edýän täze bilimleriň özara baglanyşygyny berkidýäris.
Bu, elbetde, bir tarapdan, ýurdumyzyň ykdysadyýetini hemmetaraplaýyn ösdürmäge we durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Beýleki bir tarapdan bolsa, dünýäde ählumumy parahatçylygyň, durnukly we sazlaşykly ösüşiň bähbitlerine halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga we berkitmäge ýardam edýär.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamamyza laýyklykda, biz 2019 - 2025-nji ýyllarda umumy bahasy 3,5 milliard manat bolan 205 sany umumybilim berýän mekdebi, şeýle hem umumy bahasy 1,5 milliard manat bolan 165 sany mekdebe çenli çagalar edarasyny gurmagy göz öňünde tutduk. Biz bu desgalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmelidiris.
Bilim, ylym we tehnika ulgamlarynda gazanylan üstünliklere esaslanyp, milli bilim ulgamyny ösdürmelidiris. Bilimli, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmelidiris.
Bu aýdylanlar milli bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň, ähli bilim işgärleriniň, ilkinji nobatda bolsa, mugallymlaryň örän möhüm wezipeleridir.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Biz medeniýete durmuşymyzy ahlak hem-de gözellik ölçeglerine laýyk getirmäge mümkinçilik berýän birleşdiriji we ruhlandyryjy güýç hökmünde garaýarys. Senagat tehnologik ösüş eýýamynda ruhy durmuşymyzyň ähli taraplaryny ösdürýäris.
Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşan ata-babalarymyzyň taryhy we medeni mirasyny aýawly gorap saklaýarys. Milli medeniýetimizi we medeni syýasatymyzy bütin dünýäde wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berýäris.
Ýurdumyzyň teatrlary, kitaphanalary, muzeýleri, medeniýet öýleri milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň aýdyň nyşany bolup durýar. Ýöne, biz gazanylan üstünlikler bilen çäklenmeli däldiris.
Garaşsyz döwletimizi durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bizden medeniýet ulgamynda hem degişli üýtgetmeleri geçirmegi talap edýär.
Medeniýeti mundan beýläk-de ösdürmek, elektron we çap edilýän neşirlere, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine iň täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak ýakyn geljekde biziň öňümizde durýan esasy we möhüm wezipelerdir.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Biz häzirki zamanyň çylşyrymly meselelerini diňe bilelikdäki tagallalar arkaly çözüp boljakdygyna düşünmekden ugur alyp, dünýä bileleşigi bilen ak ýürekli çemeleşmä we açyklyga esaslanan gatnaşyklary ýola goýýarys. Türkmenistan daşary syýasatda şeýle hemişelik ynsanperwer ýörelgäni goldanýar. Halkara gatnaşyklaryny özara hormat goýmak we deňhukuklylyk konsepsiýasy esasynda alyp barýar.
Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy parahatçylygyň, dostlugyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu bolsa, Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň hemişe belende göterilmegine ýardam edýär.
Biz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, dünýäniň ähli ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli giňeldýäris. Ýer ýüzünde parahatçylygy we ylalaşygy berkitmek, içerki ösüşi üpjün etmek hem-de milli bähbitleri berjaý etmek üçin tagallalary birleşdirmäge öz goşandymyzy goşýarys.
Bitarap döwletimiziň ençeme gezek örän iri halkara çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrülmegi Türkmenistanyň işjeň, täzelikçi syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmeginiň anyk netijesi boldy. Bu halkara çäreleri köp halatda dünýä syýasatynda örän möhüm, bütinleý täze ugurlaryň başlangyç nokadyna öwrüldi.
Biz aýratyn möhüm ähmiýetli halkara meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek üçin mümkinçilikleri döredýäris. Bu mümkinçilikler döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze esaslaryny döretmäge niýetlenendir.
Ýaňy-ýakynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy munuň aýdyň subutnamasy boldy. Ýurdumyzyň durmuşynda taryhy waka öwrülen bu forum sebitde hyzmatdaşlygyň täze görnüşiniň ýola goýulmagyna ýardam etdi.
Forumda 60-a golaý resminama gol çekilmegi ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijesi boldy. Şeýle hem, birnäçe ýurtlardaky hyzmatdaşlarymyz bilen geljekde gepleşikleri geçirmek we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin esas döretdi!
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Bize döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşy üçin möhüm ähmiýeti bolan ýene-de bir meseläni ara alyp maslahatlaşmak zerur bolup durýar.
Häzirki döwürde dünýä düýpli özgertmeleri başdan geçirýär. Syýasat, ykdysadyýet we söwda ulgamlarynda uly özgertmeler bolup geçýär. Bu ýagdaýlary ünsli synlamak bilen, biz hem ykdysadyýeti dolandyrmaga düzedişleri girizmek boýunça meýilnamalaýyn işleri amala aşyrýarys. Onuň netijeli bolmagyny üpjün edip, maýa goýumlaryny höweslendirýäris. Işewürlik ulgamyna goldaw berip, hususy pudagy ösdürmäge ýardam edýäris. Şol bir wagtda-da, döwlet häkimiýet we milli kanun çykaryjy edaralarynyň işini kämilleşdirýäris.
Size mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz döwletimiziň esas goýujy hukuk binýady bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy durmuşynda bolup geçýän düýpli özgertmeler bilen bagly 2008-nji we 2016-njy ýyllarda konstitusion özgertmeler amala aşyryldy.
Bu bolsa, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berdi.
Konstitusion özgertmeleriň dowam etdirilmegi jemgyýetçilik durmuşynyň käbir taraplaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan etmegiň zerurdygyny görkezýär.
Ýurdumyzda kanunçykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi hem häzirki döwürde kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagy talap edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek boýunça işleri geçirmek hem zerur bolup durýar.
Biz dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, iki palataly ulgama geçmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagy maksadalaýyk hasaplaýarys.
Hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berer. Hukuk ulanyş tejribesinde gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga şert döreder.
Deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen has ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmaga, kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmäge itergi berer.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen, men häzir döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň kämilleşdirilmegi bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça Konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky Permana gol çekjek.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisine Konstitusion toparyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak baradaky iş toparyny döretmegi tabşyrýaryn.
Konstitusion topara kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan döwlet wekilçilikli edarasynyň düzümini kämilleşdirmek we iki palatadan ybarat bu häkimiýetiň öňünde durýan wezipeler bilen bagly taýýarlanan teklipleri 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynda seretmäge bermegi teklip edýärin.
Türkmenistanyň hukuk ulgamyny özgertmekde we Esasy Kanunyny kämilleşdirmekde biz iň gowy dünýä tejribesinden, halkara ölçeglerinden ugur almalydyrys we halkara hukugynyň esas goýujy kadalaryna eýermelidiris.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Biziň öňümizde durýan örän uly ähmiýetli uzak möhletleýin maksatlar we daşary syýasat ugrumyz geljekde hem üýtgewsiz bolmagynda galar. Bu bolsa, demokratik döwletimiziň, adalatlylyk ýörelgesine, yzygiderli we aýgytly öňe gitmäge esaslanan raýat jemgyýetimiziň hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmegi göz öňünde tutýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurlygyndan ugur alyp, agzybir we parahatçylyk söýüji, dörediji halkymyzyň mertebesini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Biz eziz Watanymyz Türkmenistanyň ajaýyp geljegini üpjün etmegiň bähbidine ine, şeýle maksatlary öňe sürýäris. Men durmuş-ykdysady ösüşimiziň şu strategik ugurlaryny siz goldarsyňyz diýip umyt edýärin!
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Men mähriban halkymy, gadyrly myhmanlarymyzy, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisini mukaddes Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Ýaşasyn, baky sarsmaz Türkmen döwleti!
Ýaşasyn, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri!
Ýaşasyn, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!
Aşgabat, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabry



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi