Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: öňde goýlan ägirt uly wezipeleriň maksady - Watanymyzyň we eziz halkymyzyň abadançylygy


 


25.09.2019


Şu gün, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi baradaky ileri tutulýan wezipeler girizildi.
Häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hem-de umumy ykrar edilen demokratik ýörelgeleriň esasynda hereket edýän ýokary wekilçilikli edara bolup, döwürleriň we nesil dowamatynyň aýrylmaz özara baglanyşygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hakyky halk häkimiýetliligiň gadymy däplerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen adamlaryň ýygnanan Ruhyýet köşgünde aýratyn dabaralylyk, umumy agzybirlik, ruhubelentlik we uly joşgunly ýagdaý emele geldi.
Bu ýere ýygnananlar ör turup, şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz sahna geçip, türkmen jemgyýetinde demokratik işleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolan foruma gatnaşyjylary we myhmanlary mähirli mübärekleýär.
Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň «Türkmenistan - rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ajaýyp Ruhyýet köşgünde geçirilýän nobatdaky şu mejlisine ýurdumyzyň Hökümetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň durmuş-ykdysady we ruhy-medeni ösüşine, halkara abraýynyň ýokarlanmagyna uly şahsy goşandyny goşan watandaşlarymyzyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşýandyklaryny belledi. Şeýle hem bu ýokary wekilçilikli edaranyň mejlisine biziň daşary ýurtlardaky ilçilerimiz we köpsanly beýleki myhmanlar çagyryldy.
Dabaraly pursat ýetip gelýär: Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini açyk diýip yglan edýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Belent heňde ýaňlanýan sena umumymilli foruma gatnaşyjylar tarapyndan agzybirlik bilen ýerine ýetirilýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlaryň öňünde uly maksatnamalaýyn söz bilen çykyş etdi.
Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, şu gün ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň - Halk Maslahatynyň ikinji mejlisiniň geçirilýändigini, onda Garaşsyz döwletimizi ykdysady we durmuş taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.
Ýurdumyzyň konstitusion esaslaryny berkitmek we döwlet dolandyryşynyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmek bilen bagly meselelere serediljekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseleler boýunça örän möhüm çözgütleri kabul ediljekdigini, şeýle hem, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň jemleriniň jemlenjekdigini belledi.
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini milli baýramymyza - Garaşsyzlyk gününe gabatlap geçirmek indi ajaýyp däbe öwrüldi.
Türkmenistanyň ýigrimi sekiz ýyl mundan ozal döwlet garaşsyzlygyny jar edendigini belläp, milli Liderimiz ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap alandygyny, özygtyýarly we erkin ösüş ýoluna ynamly gadam basandygyny nygtady.
Garaşsyzlygymyzyň jar edilen güni milli baýramymyz bolup durýar. Bu baýram türkmen halkynyň köp nesilleriniň garaşsyz ösüş hakyndaky arzyly arzuwlaryny asyrlaryň içinden geçiren şanly taryhy ýoluna çäksiz söýgimizi aňladýar. Mähriban Watanymyzyň ideallaryna, at-abraýyna we mertebesiniň belende galmagyna pugta eýermegimizi öz içine alýar.
Türkmenistanyň iň täze taryhynda biziň ýetýän belent sepgitlerimiziň we gazanýan üstünliklerimiziň, mähriban halkymyzyň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ajaýyp esasy bar. Ol bolsa, döwlet Garaşsyzlygymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz ýurdumyzyň we halkymyzyň bitewülik we jebislik, parahatçylyk hem-de ruhubelentlik, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk ýörelgelerini belende galdyrýan örän möhüm, ykbal özgerdiji waka hökmünde Garaşsyzlyk alnan gününiň Türkmen döwletiniň şanly taryhyna ebedilik ýazyljakdygyna ynam bildirdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň jebisligini we agzybirligini üpjün etmäge gönükdirilen taglymatlary öňe sürüp, beýik maksatlara ýetmek ugrundaky gujur-gaýratyny, isleg-arzuwlaryny, döredijilik ruhubelentligini birleşdirip, Garaşsyz Watanymyzyň gadymy topragynda bagtyýar we abadan durmuşy berkarar edildi.
Milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak bilen, Türkmenistanyň demokratik kadalara esaslanýan, ösen ykdysadyýeti bolan döwletler bilen bir hatarda sebit derejesinde hem, dünýä bileleşiginde hem doly ykrar edilmegini gazandy.
Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde hemişelik oňyn Bitaraplygy iki gezek ykrar edilen döwletimiziň halkara borçnamalaryny amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirýän işleriniň netijesinde, biz dünýäniň dürli döwletleri we ýurtlary, abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýduk we ösdürdik diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Halkara hyzmatdaşlygynyň täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny emele getirmekde örän gymmatly tejribe toplanandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýändigini, şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasynyň köp sanly halkara komissiýalarynyň agzasy bolup durýandygyny, bu Guramanyň dürli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýan Türkmen döwleti Ýer ýüzünde howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine ählumumy hyzmatdaşlygyň häzirki zaman halkara ulgamyny döretmäge mynasyp goşant goşýandygy bellenildi.
Biz mukaddes Garaşsyzlyk baýramyny ajaýyp zähmet üstünlikleri, eziz Watanymyza çäksiz buýsanç hem söýgi, ruhubelentlik duýgulary bilen garşylaýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşi barada aýdyp, birnäçe makroykdysady görkezijileri mysal hökmünde getirdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterim bolar.
Geljek ýyl hem jemi içerki önümiň ösüş möçberleriniň şu ýyldaky möçberlere deň boljakdygy çaklanylýar. Senagat pudagy hem yzygiderli we durnukly depginler bilen ösýär. Jemi içerki önümiň umumy möçberinde bu pudagyň paýy 32,6 göterime ýetýär.
Maýa goýumlary ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň esasy guraly bolup hyzmat edýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş ýurdumyz boýunça ähli çeşmeleriň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň 29 milliard manat (jemi içerki önümiň 26,2 göterim) boljakdygyny kanagatlanma bilen belledi.
Ösüşiň senagat-innowasion nusgasyna gönükdirilen strategik ugry amala aşyrmak maýa goýumlarynyň 66 - 68 göterime golaýyny önümçilik ulgamyna gönükdirmek arkaly üpjün edilýär.
Geçen döwürde önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň ençemesi gurlup, ulanmaga berildi. Şonuň ýaly-da, zawod-fabrikler, mekdepler, hassahanalar, çagalar baglary, şäherçeler we ýaşaýyş jaýlary bina edildi.
Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça hem uly işler amala aşyryldy.
Milli Liderimiz geljekki meýilnamalar barada aýdyp, ýene-de sanlyja ýyldan paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde täze, häzirki zaman şäheriniň guruljakdygyny, onuň ýaşaýyş jaýlaryny, medeni-durmuş desgalaryny öz içine aljakdygyny, şeýle hem, bu ýerde işewürlik ýa-da dynç alyş ulgamlaryna bildirilýän talaplara laýyk gelýän innowasion we ýokary tehnologiýaly edaralaryň ýerleşjekdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Gökdepe etrabynyň çäginde Ahal welaýatynyň täze merkeziniň düýbüni tutuldy. Ol ýerde welaýatyň dolandyryş desgalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdeplerdir çagalar baglary, edara binalary, Ruhyýet köşgi, drama teatry, kitaphanadyr muzeý gurulýar.
Geljek ýyllarda hem durmuş ulgamynda şeýle syýasat alnyp barylar, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerinden ugur alyp, muny ynamly aýdyp bolar. Bu bolsa, mähriban halkymyzyň, her maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn alada etmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy, ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny aýdyň tassyklaýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda tebigy baýlyklaryň, amatly ekologiýa we howa şertlerini döredýändigini, häzirki zaman senagat önümçiligi, oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk, hyzmatlar ulgamlary ýurdumyzyň sebitlerini çalt depginler bilen ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen örtüklerini öndürýän täze kärhana, şeýle hem, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän gazhimiýa toplumy, Gyýanlyda bolsa, täze gazhimiýa toplumy, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Owadandepede «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy, şu ýyl bolsa, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod ýaly iri senagat desgalarynyň ulanmaga berlendigini mysal hökmünde getirdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Lebap, Mary, Daşoguz, Balkan welaýatlarynda hem tebigy gazdan dürli önümleri öndürýän gazhimiýa toplumlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň gurluşygy hem üstünlikli dowam edýär. Şu ýylyň 9 aýynda 55 desganyň gurlup, ulanmaga berilmegine garaşylýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Oba milli maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda 1,8 milliard manat möçberde maýa goýumlarynyň özleşdirilmegine garaşylýar. Bu bolsa, ýyllyk tabşyrygyň 93,3 göterimine barabardyr. Suw arassalaýjy we geçiriji desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, gaz geçirijileriň, telefon ulgamlarynyň gurluşygy üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň telekeçileri «Aşgabat - Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny dowam edýärler.
Obasenagat toplumynda ýetilen sepgitler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň galla hasylyny ýygnamagyň tamamlanandygyny belledi. Ýurdumyz boýunça 1 million 651 müň 100 tonnadan gowrak bugdaý ýygnaldy. Şeýle hem, 2 müň tonnadan hem köp pile tabşyrylyp, borçnama 111,5 göterim ýerine ýetirildi.
Pagtaçylyk oba hojalygynyň örän möhüm pudagy bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaçanyň hasylyny ýokarlandyrmak, pagtanyň täze görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek we hilini gowulandyrmak boýunça işleriň üstünlikli dowam edýändigini nygtady. Şu ýyl 1 million 50 müň tonnadan gowrak «ak altyn» ýygnamak göz öňünde tutulýar.
Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak işi hem çalt depginler bilen alnyp barylýar.
Şu ýylyň dokuz aýynda daşary söwda dolanyşygynyň 11 milliard amerikan dollary möçberde bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,8 göterim köpdür diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen, önümleriň daşary ýurtlara iberilýän görnüşlerini artdyrmaga niýetlenen kärhanalary gurmak we döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça hem giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijede, eksport edilýän önümleriň möçberiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,4 göterim artandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 9 aýda ep-esli artyp, jemi içerki önümiň 1,2 göterime, ýagny, 16 milliard manada golaý bolmagyna garaşylýar.
Gazanylan bu ajaýyp üstünlikleriň esasynda mähriban halkymyzyň yhlasly zähmeti, Garaşsyz Watanymyza bolan beýik söýgüsi bar. Biziň amala aşyran we üstünlikli alyp barýan işlerimiziň ählisi eziz Watanymyzyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz çykyşyň dowamynda häzirki döwürde syýasy, ykdysady, medeni-durmuş özgertmelerini amala aşyrmak boýunça işler çalt depginlerde alnyp barylýandygyny belläp, onuň bolsa, ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkitmäge we dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine ýetmäge, biziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza laýyklykda mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi. Bularyň ählisi ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.
Häzirki döwürde öňde durýan wezipeleriň has çylşyrymlaşýandygyny, oňa dünýädäki köp sanly maliýe-ykdysady ýagdaýlaryň täsirini ýetirýändigini, olaryň ylmy-tehniki pikiriň ösüşiniň ýokary derejesi, tehnologiýa ulgamynda ýetilen sepgitler, täze mümkinçilikler bilen hem baglydygyny belledi. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, döwür bilen aýakdaş gitmegiň, ösen döwletlerden yza galmazlyk üçin ägirt uly serişdelerimizi we bar bolan şertlerimizi netijeli ulanmagyň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Döwlet býujetine esasy maliýe guraly hökmünde garalmalydyr. Şonuň üçin hem, önümçiligi durnukly ösdürmegiň, giň möçberli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň, umuman, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyndan ugur alyp, Döwlet býujetini üpjün etmegiň çeşmelerini gözlemelidiris diýip, milli Liderimiz belledi.
Ýurdumyzyň bank we maliýe ulgamlarynyň dünýä maliýe ulgamyna goşulmagyna hem uly ähmiýet berilmelidigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz ykdysady çökgünlikleriň ykdysadyýetimize täsirini aradan aýyrmaga we azaltmaga aýratyn üns berilmelidigine, býujet ulgamynyň durnukly bolmagyny, çykdajylar boýunça döwletiň ähli borçnamalarynyň gürrüňsiz ýerine ýetirilmegini, çykdajylaryň rejeli we netijeli bolmagynyň derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.
Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň düzüm bölegi bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-bazar gatnaşyklarynyň ösüşini çaltlandyrmagy, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň durnukly bolmagyny we durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin zerur bolan ähli makroykdysady şertleri döretmegi geljegi uly wezipeler hökmünde kesgitledi.
Dünýäde dowam edýän ykdysady çökgünlik we sarp ediş ulgamyndaky özgertmeler şertinde maliýe ulgamynyň durnuklylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, netijeli we durnukly salgyt ulgamyny döretmek işini hem güýçlendirmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, salgytlary dolandyrmagyň hilini kämilleşdirmek, çeýe we ylmy taýdan esaslandyrylan göterim möçberlerini, şeýle hem salgytlar boýunça dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde salgyt-gümrük möçberlerini ornaşdyrmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Şeýlelikde, ykdysady ulgamy ösdürmek bilen bagly we bazar gatnaşyklaryna geçmegi göz öňünde tutýan maýa goýum ulgamynda hususy eýeçiligiň paýyny giňeltmek bellenildi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösdürmegi gazanmagyň wajypdygy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow içerki bazary halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjün etmek we bu harytlary daşary ýurtlara ibermek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak hem-de halkara ölçeglerine laýyk getirmek üçin esasy maddy binýat hökmünde sebitlerde hem ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmegiň möhümdigini nygtady.
Bu işleriň ählisi esasy maksada ýetmekde - mähriban halkymyzyň abadançylygyny dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine ýetirmekde ýene-de bir möhüm ädim bolar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Alyp barýan döwlet syýasatymyzda zähmet gorlaryny üstünlikli dolandyrmak we zähmet bazary bilen bagly meseleleri oňyn çözmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň zähmet çekmäge konstitusion hukugyny degişli derejede amala aşyrmak üçin zerur şertleri döretmäge aýratyn üns bermelidiris. Şu maksat bilen, täze önümçilik we tehnologik desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamalydyrys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu desgalar täze iş orunlarynyň döredilmegini, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokary derejesini üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş üpjünçiligi meselesine degip geçmek bilen, Türkmenistanda adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny we şeýle bolmagynda galjakdygyny aýratyn belledi.
Biz her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberlerini yzygiderli ýokarlandyrýarys. Bu bolsa, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş -durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirip, alyp barýan syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Geçen Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütlere laýyklykda, ykdysadyýetiň örän möhüm pudaklaryny döwrebap ýagdaýa getirmek bilen bir hatarda, oba hojalygyny düýpli özgertmek boýunça işleriň dowam edilmelidigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz täze şertlere laýyklykda, guşçulyk, maldarçylyk, et we süýt önümçiliginiň has-da giňeldilýändigini belledi.
Oba hojalygyny dolandyrmagy kämilleşdirmek, onuň düzümini özgertmek, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak, daşky gurşawy goramak maksady bilen, düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Iň gowy dünýä tejribesini, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly obasenagat toplumynyň önümçilik düzümleriniň işi üýtgedilip guralýar.
Daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we hususy telekeçileriň zerur tehnikalar, dökün we tohum bilen doly üpjün edilýändigine, şeýle hem, ýerlerde täze iş orunlarynyň döredilýändigine ünsi çekip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijede, obasenagat toplumynyň bäsleşige ukyply bolmagynyň barha ýokarlanýandygyny nygtady. Bu ýagdaý, aýratyn-da, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerine, çig mala islegleri üpjün etmekde has aýdyň görünýär.
Oba hojalyk toplumynda bugdaýyň, inçe süýümli gowaçanyň bol hasylynyň ýetişdirilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz edermen daýhanlaryň Watan harmanyna ýokary hilli galla tabşyrmakda uly üstünlikleri gazanýandyklaryny, maldarlaryň gara mallaryň, dowarlaryň we düýeleriň sanyny artdyrýandyklaryny, şeýle hem et we süýt önümleriniň öndürilýän möçberleriniň barha artýandygyny nygtady.
Içerki bazar dürli görnüşli ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün edilýär. Bu bolsa, oba hojalygynda alyp barýan döwlet syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Şu ýyl hem gowaçanyň bol hasylynyň öndürilmegine garaşylýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamagyň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny nygtady.
Şonuň bilen birlikde, bu pudakda entek köp sanly ulanylmaýan serişdeleriň we mümkinçilikleriň hem bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her bir ýolbaşçy, her bir daýhan milli ykdysadyýetimiziň binýadynyň berkliginiň, döwletimiziň kuwwatynyň köp babatda biziň yhlasly zähmetimize, agzybirligimize, döredijilik mümkinçiliklerimize baglydygyna doly düşünmelidigine ünsi çekdi.
Döwlet syýasatynyň ekologiýa ulgamy barada aýdyp, milli Liderimiz daşky gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini goramagyň, tebigy baýlyklarymyzy aýawly hem-de
netijeli ulanmagyň, durmuş we hojalyk desgalarynyň ekologiýa şertlerini üpjün etmegiň möhüm meselelerini çözmek üçin toplumlaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyny nygtady. Bu ugurda milli we sebit derejelerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara guramalary bilen bilelikde ähli tagallalar edilýär.
Şunuň bilen baglylykda, birinji Hazar ykdysady forumynda hem Hazaryň ekologiýa ulgamyny goramak üçin, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly teklipleriň ähmiýeti barada aýdyldy.
Biz öz milli däplerimizi tebigat bilen sazlaşykly dowam edýäris. Bu däpler gözbaşlaryny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Şunuň bilen baglylykda, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitinde täze obanyň gurluşygyna badalga berildi. Ýokarda bellenip geçilişi ýaly, biz Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ýeke-täk zawody gurduk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen birlikde “ýaşyl ykdysadyýetli” iri önümçilikleriň döredilýändigini belledi. Bu önümçilikler ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmekde ilkinji ädimlerdigini we bu ugurdaky işleri ýokary depginde dowam etmegiň zerurdygyny belledi.
Nebitgaz we energetika pudaklaryny ösdürmegiň meseleleri barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze häzirki zaman toplumlaryny gurmaga uly ähmiýet berilmelidigini belledi.
Ýangyç çig malyny gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan çalt özleşdirmek, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini we «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegi baş maksat etmek, hususan-da, 3D-modelirlemek usullaryny ulanmak bu pudagyň öňde durýan maksatlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýaly halkara meselelerini çözmek boýunça başy başlanan maksatnamalaryň işjeň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Gaz geçirijileriň köp ugurly ulgamyny döretmek, şeýle hem kontinentleriň we Aziýanyň üsti bilen gaz geçirijileriň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi uglewodorod serişdelerini halkara bazarlaryna ibermek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletleriň energetika howpsuzlygyny we ykdysady taýdan durnukly bolmagyny berkitmek, bütin Merkezi Aziýanyň we Aziýa sebitiniň Durnukly ösüşiniň maksatlaryna ýetmek üçin ýurdumyzyň eksport kuwwatyny düýpli artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan» gaz geçirijisiniň owgan bölegini, «Türkmenistan - Owganystan - Pakistan» elektrik geçirijisini hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagy möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri çözmek döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletimiziň ösüşini göz öňüne getirmegiň mümkin däldigini aýtdy. Şoňa görä-de, bütin dünýäde sanly ykdysadyýet innowasiýalary öňe sürmegiň, bäsleşige ukyplylygy we ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmegiň möhüm şertine öwrüldi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekki işleriň möhüm ugrularyny kesgitledi.
Şoňa görä-de, birinjiden, ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmaga döwletimiziň durnukly ösüşiniň möhüm esasy hökmünde garamalydyr. Döwlet dolandyryş ulgamyny, ykdysadyýetimizi, tutuş jemgyýetimizi ösdürmek üçin binýatlyk esas hökmünde baha berilmelidir.
Ikinjiden bolsa, dünýäde fiziki, sanly we biologiki häsiýetli tehnologiýalaryň utgaşmagyny aňladýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» eýýäm ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlaryna öz täsirini ýetirip başlaýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmegiň täze maksatnamasyny işläp taýýarlamaga ileri tutulýan wezipe hökmünde garamalydygyna ünsi çekip, milli Liderimiz Türkmenistanyň Maglumat tehnologiýalary merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Biz sanly ykdysadyýete geçmekde öňümizde durýan wezipeleri çözmek üçin programmaçylar, inženerler, tehnologlar ýaly hünärmenlere zerurlygy göz öňünde tutduk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna täze ugurlary öwrenmek, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak zerur bolup durýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty döredildi.
Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri sanly ykdysadyýete geçmekde amala aşyrýan ähli özgertmelerimiziň gözbaşynda durmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz şeýle hem, ýaş nesli terbiýelemäge ünsi güýçlendirmelidigini aýtdy. Ýaşlar alan bilimlerine, ukyplaryna laýyklykda, çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny ulanarlar. Sanly düzümi bolan ykdysady desgalary dolandyrarlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen maslahatda ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek bilen bagly meselelere jikme-jik garaldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 - 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda döwletimiz bu ulgamlary yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirmek barada alada edýär. Ylmy-tehniki ösüşi, ylmyň, tehnologiýalaryň, öňdebaryjy pudaklaryň we önümçilikleriň ösmegini üpjün edýän täze bilimleriň özara baglanyşygy berkidilýär.
Bu bir tarapdan, ýurdumyzyň ykdysadyýetini hemmetaraplaýyn ösdürmäge we durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Beýleki bir tarapdan bolsa, dünýäde ählumumy parahatçylygyň, durnukly we sazlaşykly ösüşiň bähbitlerine halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga we berkitmäge ýardam edýär.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnama laýyklykda, 2019 - 2025-nji ýyllarda umumy bahasy 3,5 milliard manat bolan 205 sany umumybilim berýän mekdebi, şeýle hem umumy bahasy 1,5 milliard manat bolan 165 sany mekdebe çenli çagalar edarasyny gurmagyň göz öňünde tutulýandygyna ünsi çekip, milli Liderimiz bu desgalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.
Bilim, ylym we tehnika ulgamlarynda gazanylan üstünliklere esaslanyp, milli bilim ulgamyny ösdürilmelidir, bilimli, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri terbiýelenip ýetişdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz bu aýdylanlar milli bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň, ähli bilim işgärleriniň, ilkinji nobatda bolsa, mugallymlaryň örän möhüm wezipesi bolup durýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynsanperwerlik gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky meselä degip geçmek bilen, medeniýete durmuşymyzy ahlak hem-de gözellik ölçeglerine laýyk getirmäge mümkinçilik berýän birleşdiriji we ruhlandyryjy güýç hökmünde garaýarys. Senagat tehnologik ösüş eýýamynda ruhy durmuşymyzyň ähli taraplaryny ösdürýäris. Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşan ata-babalarymyzyň taryhy we medeni mirasyny aýawly gorap saklaýarys. Milli medeniýetimize we medeni syýasatymyzy bütin dünýäde wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berýäris diýip, sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzyň teatrlary, kitaphanalary, muzeýleri, medeniýet öýleri milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň aýdyň nyşany bolup durýar. Ýöne, biz gazanylan üstünlikler bilen çäklenmeli däldiris diýip, döwlet Baştutanymyz Garaşsyz döwletimizi durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler medeniýet ulgamynda hem degişli üýtgetmeleri geçirmegi talap edýändigini aýtdy.
Bu ulgamy mundan beýläk hem kämilleşdirmek elektron we çap edilýän neşirlere, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine iň täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak ýakyn geljekde öňde durýan esasy we möhüm wezipelerdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary syýasat ugrunyň möhüm meselelerine ünsi çekip, häzirki zamanyň çylşyrymly meselelerini diňe bilelikdäki tagallalar arkaly çözüp boljakdygyna düşünmekden ugur alyp, dünýä bileleşigi bilen ak ýürekli çemeleşmä we açyklyga esaslanan gatnaşyklaryň ýola goýulýandygyny belledi. Türkmenistan daşary syýasatda şeýle hemişelik ynsanperwer ýörelgäni goldanýar. Halkara gatnaşyklaryny özara hormat goýmak we deňhukuklylyk konsepsiýasyna eýermek esasynda alyp barýar.
Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy parahatçylygyň, dostlugyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu bolsa, Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň hemişe belende göterilmegine ýardam edýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşly guramasy, Goşulmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, dünýäniň ähli ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýurdumyzyň ýer ýüzünde parahatçylygy we ylalaşygy berkitmek, içerki ösüşi üpjün etmek hem-de milli bähbitleri berjaý etmek üçin tagallalary birleşdirmäge öz goşandyny goşýandygyny aýratyn belledi.
Bitarap döwletimiziň iri halkara çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrülmeginiň Türkmenistanyň işjeň, täzelikçi syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmeginiň anyk netijesi boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu halkara çäreleriniň köp halatda dünýä syýasatynda örän möhüm, bütinleý täze ugurlaryň başlangyç nokadyna öwrülendigini kanagatlanma bilen belledi.
Aýratyn möhüm ähmiýetli halkara meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek üçin mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtap, milli Liderimiz bu mümkinçilikleriň döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze esaslaryny döretmäge niýetlenendigini bellemek bilen,
ýaňy-ýakynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumyny munuň aýdyň mysaly hökmünde getirdi.
Ýurdumyzyň durmuşynda taryhy waka öwrülen bu forum sebitde hyzmatdaşlygyň täze görnüşiniň ýola goýulmagyna ýardam etdi.
Forumda 60-a golaý resminama gol çekilmegi ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijesi boldy. Şeýle hem, birnäçe ýurtlardaky hyzmatdaşlarymyz bilen geljekde gepleşikleri geçirmek we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin esas döretdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenmek bilen, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşy üçin möhüm ähmiýeti bolan meseläni ara alyp maslahatlaşmagyň zerur bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Häzirki döwürde dünýä düýpli özgermeleri başdan geçirýär. Syýasat, ykdysadyýet we söwda ulgamlarynda uly özgermeler bolup geçýär.
Bu ýagdaýlary ünsli synlamak bilen, biz hem ykdysadyýeti dolandyrmaga düzedişleri girizmek boýunça meýilnamalaýyn işleri amala aşyrýarys,
onuň netijeli bolmagyny üpjün edýän maýa goýumlaryny höweslendirýäris. Işewürlik ulgamyna goldaw berip, hususy pudagy ösdürmäge ýardam edýäris. Şol bir wagtda-da, döwlet häkimiýet we milli kanun çykaryjy edaralarynyň işini kämilleşdirýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz döwletimiziň esas goýujy hukuk binýady bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy durmuşynda bolup geçýän düýpli özgermeler bilen bagly 2008-nji we 2016-njy ýyllarda konstitusion özgertmeleriň amala aşyrylandygyny belledi.
Bu bolsa, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berdi diýip, milli Liderimiz konstitusion özgertmeleriň dowam etdirilmeginiň jemgyýetçilik durmuşynyň käbir taraplaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan etmegiň zerurdygyny görkezýändigini aýtdy.
Ýurdumyzda kanunçykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň hem häzirki döwürde kanun çykaryjylyk işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz
şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek boýunça işleri geçirmegiň hem zerur bolup durýandygyny aýtdy.
Dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, iki palataly ulgama geçmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berer, hukuk ulanyş tejribesinde gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga şert döreder, deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen has ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmagyna, kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmäge itergi berer.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça Konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky Permana gol çekjekdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisine bu Toparyň ýanynda degişli iş toparyny döretmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz Konstitusion topara kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan döwlet wekilçilikli edarasynyň düzümini kämilleşdirmek we iki palatadan ybarat bu häkimiýetiň öňünde durýan wezipeler bilen bagly teklipleri 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynda seretmäge bermegi teklip etdi.
Türkmenistanyň hukuk ulgamyny özgertmekde we Esasy Kanunyny kämilleşdirmekde iň gowy dünýä tejribesinden, halkara ölçeglerinden ugur alynmalydyr we halkara hukugynyň esas goýujy kadalaryna eýerilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Öňümizde durýan örän uly ähmiýetli uzak möhletleýin maksatlar we daşary syýasat ugrumyz geljekde hem üýtgewsizligine galar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu bolsa, demokratik döwletimiziň, adalatlylyk ýörelgesine, yzygiderli we aýgytly öňe gitmäge esaslanan raýat jemgyýetimiziň hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmegi göz öňünde tutýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurlygyndan ugur alyp, agzybir we parahatçylyk söýüji, dörediji halkymyzyň mertebesini belende götermegi maksat edinýär.
Eziz Watanymyz Türkmenistanyň ajaýyp geljegini üpjün etmegiň bähbidine şeýle maksatlary öňe sürýäris diýip, döwlet Baştutanymyz durmuş-ykdysady ösüşiň şu strategik ugurlarynyň doly goldawa eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylary, Halk Maslahatynyň myhmanlaryny we oňa gatnaşyjylary mukaddes Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösdürilmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
“Ýaşasyn, baky sarsmaz Türkmen döwleti!”, “Ýaşasyn, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri!”, “Ýaşasyn, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!” milli Liderimiz bu joşgunly sözler bilen çykyşyny jemledi.
Hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaýyn çykyşy uly üns bilen diňlenildi we hemmeleriň dowamly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.
Soňra milli Liderimiz umumymilli forumyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçmegi teklip edip, oňa gatnaşyjylara söz berdi.
Ilkinji bolup çykyş eden Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň ýaşulysy, “Mekan” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Atajan Çaryýew ýaşuly nesliň ähli wekilleriniň adyndan milli Liderimizi ýetip gelýän baýramçylyk - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Çykyş eden Watanymyz üçin ykbalçözüji täze çözgütleriň kabul ediljek Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli işlemegini arzuw edip, Oguzhandan gaýdýan gadymy däplere eýermek bilen, döwlet Baştutanymyzyň ýaşululara çuňňur hormat we sarpa bilen garaýandygyny belledi. Türkmenlerde ähli döwürlerde islendik uly işiň başyna barlanda ýaşulular bilen geňeşmek, olaryň pikirini diňlemek däbe öwrülipdir. Ine, häzir hem halkymyza hakyky abadançylyk getiren bagtyýar eýýam geldi.
A.Çaryýewiň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygy bilen ata-babalarymyzyň köpasyrlyk arzuwlary hasyl boldy. Ýaşulular her bir ýaşalan bagtly gün üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip şatlanýarlar hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanýarlar.
Döwlet Baştutanymyzyň deňsiz-taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan gülläp ösýän ýurda öwrüldi. Çykyş eden Magtymguly Pyragynyň joşgunly goşgy setirlerini getirip, minnetdar halkymyzyň goldamagynda milli Liderimiziň başyna barýan her bir işiniň rowaçlyga beslenýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň hemme pudaklary üstünlikli ösýär, halkymyzyň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar hem-de durmuş we zähmet şertleri gowulanýar, adamlaryň mynasyp dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi, aýlyk iş haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberleri her ýylda ýokarlandyrylýar.
Nygtalyşy ýaly, häzir her maşgalada ajaýyp öý gurnup, hojalygyň eýesi bolmagy üçin mümkinçilikler bar. Parahatçylyk söýüji jebis türkmen halky häzirki döwrüň hemme eşretlerinden peýdalanýar. Biziň özbaşdak Watanymyzy, bagtyýar eýýam we ýagty geljek - bularyň ählisi milli Liderimiziň döredijilikli döwlet doktrinasyna esaslanandyr hem-de döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan ýadawsyz işiniň we aladasynyň miwesidir.
Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan çuň mazmunly öňden görüjilikli strategiýasynda Watanymyza we mähriban halkymyza çäksiz söýgi, milletimiziň gadymy däpleri hem-de baý medeni mirasy has aýdyň ýüze çykdy. Bu hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp eserlerinde hem öz beýanyny tapdy. Şol eserleriň hatarynda türkmenistanlylar üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady bolan ýakynda çapdan çykan “Türkmen alabaýy” diýen täze kitap bar.
Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiziň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýy hem yzygiderli artýar. Döwlet Baştutanymyzyň öňden görüjilikli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapýar.
A.Çaryýew Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçýän Halk Maslahatynyň häzirki mejlisinde halkymyz üçin möhüm durmuş, ykbalçözüji meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşynda beýan eden we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna degişli ähli başlangyçlaryny ýaşulularyň bütinleý goldaýandygyny aýtdy.
“Dag daýanjy-- daşda, il daýanjy Başda bolar” diýen parasatly halk nakylyny aýdyp, çykyş eden ýaşuly nesilleriň wekilleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk hem-de hemme asylly başlangyçlarynda täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi. A.Çaryýew ýurdumyzyň we türkmenistanlylaryň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işlere üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, çykyşyny Gahryman Arkadagymyzyň şanyna joşgunly sözleri arkaly saglyk baradaky päk arzuwlary bilen tamamlady.
Soňra Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Şatlyk Öwezberdiýewe söz berildi. Foruma gatnaşyjy oba zähmetkeşleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi hem-de gatnaşyjylaryň ählisini Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.
«Türkmenistan - rowaçlygyň Watany» ýylynda geçirilýän Halk Maslahatynyň bu mejlisiniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň, merdana halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýan tutumlara badalga beren waka hökmünde taryha girjekdigi bellenildi.Ş.Öwezberdiýewiň nygtaýşy ýal, şeýle möhüm, taryhy maslahata gatnaşmaga, şu belent münberden buýsanjyny beýan etmek bagtynyň özüne-de nesip edendigi üçin guwanjynyň çägi ýok.
Çykyş eden sözüni dowam edip, mukaddes türkmen topragy bilen halkymyzyň we ýurdumyzyň ykbalynyň, geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň aýrylmaz arabaglanyşyklydygyny belledi. Şoňa görä-de, daýhanlaryň ýüreginde Arkadag Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmäge, ekerançylary goldamaga, ýere eýeçilik gözi bilen garamak çagyryşyna gönükdirilen giň gerimli işleri gyzgyn goldaw tapýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan hemme işiniň özeninde mähriban halkymyz, onuň bagtyýar we abadan durmuşy, Watanymyzyň gülläp ösmegi baradaky maksat durýar. Bu bolsa oba adamlaryny täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň berýän yzygiderli ünsi netijesinde, ekerançylar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler bilen üpjün edilýär, obasenagat toplumy üçin kuwwatly, ýokary öndürijilikli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar, önümçilige soňky ylmy tehniki gazanylanlar ornaşdyrylýar, bu bolsa pudagyň işgärlerine işde üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär.
Halk Maslahatynyň geçen ýyl geçirilen birinji mejlisinde
kabul edilen “Oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakyndaky” Karar bu ulgama uly öwrülişik geçirdi. Bu taryhy resminama laýyklykda, başarjaň daýhanlarymyzyň birnäçesi eýýäm 99 ýyl möhlet bilen peýdalanmaga alan ýer böleklerinde işleýärler diýip, Ş.Öwezberdiýew belledi.
Şeýle hem uzakmöhletleýin peýdalanmaga alnan ýer böleginde ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin şertleriň döredilmegi, şu ýylyň ýylyň hasylyndan başlap bolsa, bugdaýyň, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy, oba hojalyk önüm öndürijilerine ýeňillikli bank karzlarynyň berilmegi, ýene-de ençeme ýeňillikleriň döredilmegi türkmen daýhanlaryny çäksiz begendirdi. Mahlasy, bu Karar türkmen zähmetkeşleriniň ene toprak bilen arasyny has ýakynlaşdyrdy.
Türkmen mehanizatorlary döwrebap kämil tehnikalara erk etmek bilen, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaga mynasyp goşantlaryny goşýarlar diýip, çykyş eden belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, obasenagat toplumynyň zähmetkeşleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hoşallyk bildirdi. Milli Liderimiziň sanly ykdysadyýete geçmek barada alyp barýan syýasaty oba hojalygynda hem durmuşa geçirilýär, bu bolsa tehnikalary ýokary netijeli peýdalanmaga, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň oba hojalykçylary Gahryman Arkadagymyzyň azyk bolçulygyny döretmäge, daşky gurşawy goramaga, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, ynsan saglygyny goramaga, diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde-de suwdan oýlanyşykly peýdalanmak ýaly döwrüň möhüm meselesini çözmäge gönükdirilen hemme başlangyçlaryny doly goldaýarlar diýip, Ş.Öwezberdiýew nygtady. Türkmenistanyň ekerançylary şol başlangyçlary durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşmaga çalyşýarlar.
Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deňsiz-taýszy tagallalary netijesinde, türkmen obalarynda bagtyýar durmuşa rowaçlanýar. Obasenagat toplumynyň zähmetkeşlerine üstünlikli işlemekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri hemişe gowulandyrylýar. Oba ýerlerinde durmuş maksatly täze döwrebap desgalar maksada laýyk gurulýar we ulanmaga tabşyrylýar, ýurdumyzyň welaýatlarynda hemme şertler döredilen abadan obalar we şäherçeler peýda bolýar. Daýhanlar oba adamlary, aýratyn-da, ýaşlar, pudagy ösdürmek baradaky hemmetaraplaýyn aladalary üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşaldyrlar hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýandyklaryna we zähmet çekýändiklerine bagtlydyrlar.
Mehanizator döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ýaş, il-ýurt bähbitli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, öz çykyşyny Gahryman Arkadagymyzy şöhratlandyrýan buýsançly goşgy bentleri bilen tamamlady.
Soňra Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Saýat Nurmedowa söz berildi. Ol mümkinçilikden peýdalanyp döwlet Baştutanymyzy hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylaryň ählisini medeniýet we sungat işgärleriniň adyndan ýakynlaşyp gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mugallym öz çykyşyny Arkadag Prezidentimize bagyşlanan şahyrana setirler bilen dowam etdirip, milli Liderimiziň bilim, medeniýet we sungat ulgamyna goýýan belent sarpasynyň, ýaş nesilleriň bilimli terbiýeli, Watan mukaddesliklerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin alyp barýan ägirt uly işleriniň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ähli işgärlerini diýseň buýsandyrýandygyny belledi.
Bellenilişi ýaly, günsaýyn ösýän, özgerýän Garaşsyz Diýarymyzda medeni-durmuş maksatly binalar gurlup ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzyň etrapdyr şäherlerinde, obalarynda häzirkizaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, kaşaň muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň, çagalar sungat mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi biz bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärlerini joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynda ylma, bilime we medeniýete uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen Merw, Köneürgenç, Nusaý ýadygärlikleri, Nowruz baýramynyň däpleri, “Görogly” dessan sungaty, küştdepdi aýdym-saz sungaty ýaly birnäçe maddy we maddy däl milli gymmatlyklarymyz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizildi. Munuň özi halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi.
Maslahata gatnaşyjynyň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň ýiti zehinine, pähimine ýugrulan dürdäne kitaplarynyň hatarynda “Enä tagzym - mukaddeslige tagzym“ eseri hem watansöýüji nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak uly ähmiýetli gollanmadyr. Arkadag Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde, döwlet we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, türkmen medeniýetinde, sungatynda geçmişde öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimiziň atlarynyň medeniýet, ylym-bilim ojaklaryna dakylmagy ildeşlerimiziň göwnüni ganatlandyrdy.
S.Nurmedowa döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda sözlän taryhy çykyşynda aýdan “Bilim jemgyýeti we döwleti sazlaşykly ösdürmegiň berk binýadydyr. Sebäbi arassa ahlakly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek biziň özgertmelerimiziň esasy maksady bolup durýar” diýen sözlerini mysal getirmek bilen, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli mukaddes tutumlaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň özüni we kärdeşlerini örän buýsandyrýandygyny nygtady.
Mugallym ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiziň şu maslahatda sözlän çuň manyly, maksatnamalaýyn çykyşynda öňe sürlen başlangyçlary doly goldaýandygyny beýan etdi. S.Nurmedowa Gahryman Arkadagymyza iň oňat arzuw-isleglerini aýdyp, öz çykyşyny buýsançly goşgy-nama bilen tamamlady.
Soňra çykyş eden telekeçi, “Ter önüm” hojalyk jemgyýetini esaslandyryjysy Döwlet Ballyýew öz sözüniň başynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we umumymilli maslahata gatnaşyjylaryň ählisini Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy hem-de mermer şäherimiz Aşgabatda "Türkmenistan - rowaçlygyň Watany" ýylynda geçýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň başlanmagy bilen gyzgyn gutlady.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekili döwlet Baştutanymyzyň oňyn, netijeli syýasatynyň ähmiýetini nygtap,
şanly senäni beýik millet hökmünde, dünýäde sözi diňlenilýän, orny oňlanylýan kuwwatly döwlet hökmünde garşylaýandygymyzy,bu buýsançly hakykatyň milli Liderimiziň turuwbaşdan alyp baran iňňän oýlanyşykly döwlet syýasatynyň netijesidigini belledi.
Durmuş ulgamyna degişli wezipäniň adam hakyndaky aladadan, tutuş ýurt baradaky meseläniň her bir öý-ojak baradaky aladadan başlanandygynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşyklydygynyň subutnamasydyr diýip, D.Ballyýew nygtady.
Beýik döwleti beýik şahsyýetler berkarar edýärler. Berkarar döwletimiziň dünýä dolan at-abraýy, şöhraty hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mertebeli ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Çykyş eden döwlet Baştutanymyzyň parasatly goldaw-hemaýaty bilen 11 ýyl ozal Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň ykdysady ösüşiň täze tapgyrynyň başyny başlandygyna ünsi çekdi.Bu birleşme bu gün kalby hyjuwly, zähmete gaýym işewürleriň müňlerçesini özünde jemleýär. Olaryň güýji bilen häzirki wagtda Diýarymyza nagyş bolup ýaraşan kaşaň-kaşaň oba-şäherler gurulýar. Ahal welaýatynyň merkezi şäheriniň badalga alan gurluşygynda hem türkmen hususyýetçileri öz ukyp-başarnygyny siňdirip, zähmet çekýärler. Zawod-fabrikleri, Aşgabat - Türkmenabat awtobany ýaly ýokary derejeli ýollary gurýarlar.
Bellenilişi ýaly,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütler - hususan-da,ýer bölekleriniň 99 ýyla çenli peýdalanmaga berilmegi, uzakmöhletleýin ýeňillikli karzlaryň göz öňünde tutulmagy, oba hojalyk önümlerini öndürýän hususyýetçileriň salgytlardan boşadylmagy obasenagat toplumynda zähmet çekýän hususyýetçilerde uly seslenme döredýär. Olar döwlet Baştutanymyza bu ugurda berýän goldaw-hemaýatlary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirýärler.
D.Ballyýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň häzirki wagtda gazanýan üstünlikleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ýurdy senagatlaşdyrmak we ykdysadyýeti sanlaşdyrmak işine işewür düzümleriň işjeň gatnaşýandyklaryny nygtady. Häzirki döwürde hususy bölümiň kärhanalarynda we hojalyklarynda ekologiýa taýdan arassa miwe we bakja önümleriniň, gurluşyk serişdeleriniň, dokma we haly önümleriniň, himiýa serişdeleriniň, mebelleriň, aýna önümleriniň, deri we gön önümleriniň, polietilen we polipropilen önümleriniň öndürilýändigi bellenildi.Ýurdumyzda öndürilýän önümler il içinde uly islege eýe bolýar. Munuň özi TSTB-niň Watana hyzmat etmek, il-günüň ýagşysyna ýaramak ýaly işlere goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasydyr.
“Ter önüm” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy ýygnananlara milli Liderimiziň “Iň uly üstünlik dek düýnki özüňden üstün bolup bilmekdir.
Iň uly açyş öz zehiniňi, ukyp-başarnygyňy açyp bilmekdir.
Iň uly tapyndy bolsa durmuşdan öz ornuňy tapyp bilmekdir” diýen sözlerini ýatlatdy. Şunuň bilen baglylykda, ol döwlet Baştutanymyzyň hususy ulgama berýän hemaýat-goldawy netijesinde türkmen işewürleriniň müňlerçesiniň öz ornuny tapyp, hyzmatyny, başarnygyny, gujur-gaýratyny ata ýurda siňdirmäge giň ýol açylandygyny belledi.
Çykyş eden milli Liderimiziň “Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr” diýip, işewürlere bildiren uly ynamy hakynda aýdyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
D.Ballyýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzyň taryhy Maslahatda eden çuň manyly çykyşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary barada aýdanlaryny, şeýle hem kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň, Halk Maslahatynyň işini düzgünleşdirýän hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmek baradaky teklibini doly goldaýandyklaryny beýan etdi.
Işewür sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, Watanymyzyň gülläp-ösmeginiň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi hem-de öz ýagşy niýetlerini şahyrana bent bilen jemledi.
Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan, owgan türkmenleriniň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiň başlygy Abdulrahman Ahmede söz berildi. Ol dünýä türkmenleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ýygnananlaryň ählisini Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk toýy hem-de Halk Maslahatynyň dabaraly açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Abdulrahman Ahmet döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza buýsanýan daşary ýurtly watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, ata Watanymyzyň abadançylygy, onuň milli Lideriniň jan saglygy hakynda dileg edýän hormatly ýaşulularyň we eneleriň adyndan hoşallyk sözlerini aýtdy.
Bu gün Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir türkmen özüniň türkmendigine çäksiz buýsanýar diýip, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzasy nygtady.Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ajaýyp şygarda jemlenen ynsanperwer ýörelgeleri, parasatly ýolbaşçylygy, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, türkmen halkynyň durmuşy ähli ulgamlarda düýpli özgerýär. Milli Liderimiziň ägirt uly işleri netijesinde,Türkmenistanyň halkara abraýyny ozal görlüp-eşidilmedik derejede belende göterilýär. Türkmenistanyň Baştutanynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän ynsanperwer hem-de umumadamzat bähbitli başlangyçlary bu gün bütin dünýäde giň goldaw tapýar.
Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň dünýä türkmenlerine berýän ýardamlarynyň hetdi-hasaby ýok. Türkmenistan öz serişdeleriniň hasabyna Owganystanda ulag-aragatnaşyk, durmuş maksatly desgalary, şeýle hem birnäçe ojaga ýylylyk, ýagtylyk beren elektrik geçirijilerini gurdy.Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen gurlan desgalaryň hatarynda Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom çäkli düzüminiň Çişmikioý obasynda «Dostluk» çagalar bagy, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Funtowo obasynda Magtymguly Pyragy adyndaky mekdep bar.
Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge badalga bermek bilen,ata Watanymyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny, ykdysadyýetini, tutuş jemgyýeti mundan beýläk hem ösdürmegiň täze nusgasynyň binýadyny goýdy. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen köpugurly, ulag üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi netijesinde, bu gün Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdy ösen senagat döwletine öwürmek, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Şular bilen birlikde, türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda gadymdan gelýän milli ýörelgelerimiziň we däp-dessurlarymyzyň dünýäniň ösen tejribesi bilen tebigy utgaşyk tapýandygy aýratyn nygtaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty munuň aýdyň mysalydyr.Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenleri ata Watanymyza bolan belent buýsanç, taryhy ösüşlerine çäksiz guwanç birleşdirýär. Bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň deňsiz-taýsyz tagallalarynyň aýdyň netijesidir.
Abdulrahman Ahmet döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan beýik işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, öz çykyşyny Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana hem-de Watanymyzy gülläp ösüşiň we rowaçlygyň belent sepgitlerine tarap öňe alyp barýan milli Liderimize bagyşlanan goşgy bilen tamamlady.
Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň serkerdesi Kerim Myradow çykyş etdi.
Ol milli Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzümleriniň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy we bu ýere ýygnananlary Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň öz işine başlamagy bilen gutlady. Bu şanly waka döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda asyrlar aşyp gelýän mili däplere, halk häkimiýetlilik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar diýip, harby gullukçy belledi.
Milli Liderimiziň Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän ählumumy forumda eden çykyşyny Watan goragçylarynyň uly ruhubelentlik we buýsanç duýgularyna beslenip diňländikleri nygtaldy. Forumda ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, milli parlamentiň, Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky teklipleri taýýarlamagyň, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna degişli üýtgetmeleri girizmek boýunça taýýarlyk işlerini amala aşyrmagyň ýolundaky meselelere hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigi aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” şygary astynda geçýän 2019-njy ýyl tutuş adamzadyň parahatçylykda we abadançylykda ýaşamaga bolan isleglerini äşgär edýär. Taryhyň döwürlerinde döwletiň hem-de halklaryň ösüşiniň ähli pursatlarynda beýik işleriň parahatçylykda, asudalykda amala aşyrylýandygy bellenilmeli ýagdaýdyr. Watanymyzda parahatçylygyň üpjün edilmegi ähli başlangyçlaryň girewi bolup durýar diýip, harby gullukçy nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, K.Myradow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy esasynda durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň, onuň çäklerinde Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby ylmy ösdürmek, Watan goragçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş we gulluk şertlerini gowulandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ugrunda giň möçberli çäreleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. “Halk we Watan” bu mukaddes sözler ýaş harby gullukçylaryň başa şygarydyr.
Şu ýylyň 14-nji fewralynda milli Liderimiziň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet işgärleri bilen geçiren duşuşygynda şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijiliginden «Biz näm bolsak, şol bolaly, Bolsa bolýar eziz Watan» diýip mysal getiren buýsançly goşgy setirleriniň her birimiziň eziz Watanyň mukaddes goragyndaky belent borjumyzy berjaý etmekde watanperwerlik şygarydyr diýip, K.Myradow sözüni dowam etdi.
Serkerde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda geçirilýän harby-okuw türgenleşiklerine gatnaşyp, Watan goragçylarynyň söweşjeň taýýarlyk derejesi bilen tanyşmagynyň, söweşjeň ýaragdan nyşana ok atyp, mergenlik ussatlygyny görkezmeginiň, harby gullukçylar üçin nusgalyk görelde bolup durýandygyny aýratyn nygtady.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýörite maksatly «Türkmen edermen» topary döredildi. Toparyň harby türgenleşik okuwlaryna gatnaşyp, Watan goragçylarynyň ata Watanymyz üçin şirin janlaryny gurban etmäge taýýardyklaryna göz ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze şygryna:
«Gerek bolsa gerçek ýaly, Edermen türkmen alabaýy» diýen setirleri goşandygyny eşitmek ýakymly bolup durýar.
Bu toparyň nyşany-da gujurly alabaý bolup, onuň wepalylygy, gaýduwsyzlygy, batyrlygy Watan goragçylarynyň söweşjeň ruhuny belende göterýär.Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmen edermen» medalyny döretmek baradaky teklibi bolsa ähli Watan goragçylarynyň başlaryny göge ýetirdi, biziň durmuşymyzda buýsançly waka öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işine berlen ýokary bahadyr hem-de belent ynamdyr. Munuň üçin bolsa ol milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdy.
K.Myradow harby gullukçylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesine, şeýle hem milli Liderimiziň mähriban atasy, ussat mugallym, gaýduwsyz esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk ýörelgesine eýerip, mukaddes harby gulluk borçlaryny ak ýürek bilen berjaý etjekdiklerine, mähriban topragymyzy, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny gözleriniň göreji deý gorajakdyklaryna, Garaşsyzlygyň 28 ýyllyk baýramçylygynda Milli goşunymyzyň dabaraly harby ýörişini ýokary derejede geçirjekdigine ynandyrdy.
Milli Liderimize iň gowy arzuwlaryny aýdyp, foruma gatnaşyjy çykyşyny mukaddes harby kasam bilen tamamlady.
Soňra S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň weterinar lukmançylygy hünäriniň talyby Ruslan Jumaýewe, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň «Inžener ulgamlary we torlary» hünäriniň talyby Gülnar Tatowa söz berilýär.
Ýaş nesliň wekilleri ýurdumyzyň talyplarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ýygnananlaryň ählisini “Türkmenistan - rowaçlygyň Watany” ýylynda ýokary ruhubelentlikde, uly dabaralar bilen bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şanly 28 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň pähim-paýhasly, öňdengörüjilikli, çuňňur ynsanperwerlige ýugrulan syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny artdyrýan esasy serişdä, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.
Arkadag Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigi bellenildi. Ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylara okamaga, hünär öwrenmäge, gurmaga, döretmäge ähli mümkinçilikler döredildi.
Şunuň bilen baglylykda, talyplar bu barada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda eden taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwürde nanotehnologiýalar we tehnologiýalar merkezleri, innowasion şäherler, nou¬-haular hem¬de sanly tehnologiýalar adamzat jemgyýetiniň kämilleşmegine alyp barýar. Döwrüň bu tehnologik täsiri biziň jemgyýetimizde hem barha giňelýärdiýen sözlerini mysal getirdiler.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň häzirki zaman ylymlaryny we tehnologiýalaryny özleşdirmegi üçin ählitaraplaýyn ýardam edýändigi, Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze guruljak akylly şäheriň - Aşgabat sitiniň taslamasy taýýarlanylanda talyplaryň hem bu taslama işjeň gatnaşmagynyň öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelýändigini görkezýändigi nygtaldy.
Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylym we bilim ulgamlary dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykaryldy. Maglumat tehnologiýalary babatda taslamalary işläp taýýarlamak hem-de ornaşdyrmak, sanly ykdysadyýet üçin hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdepleriniň sanyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän nusgalyk işler ylma-bilime teşne talyp ýaşlary has hem höweslendirýär.
Çykyş edenler häzirki wagtda ýaş nesliň wekilleriniň oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri syýasy strategiýanyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny bellediler.
Türkmen talyplarynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtap, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumyny hem-de onuň barşynda durmuş-ykdysady, ösüş, daşky gurşawy goramak, ylym we innowasiýalar, ykdysady maglumatlary alyşmak ýaly ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak, halkara innowasion-tehnologiýalar merkezini döretmek, ony «Hazaryň innowasion şäheri» diýip atlandyrmak baradaky milli Liderimiziň başlangyçlaryny ýatlatdylar.
Bellenilişi ýaly, türkmen ýaşlary eziz Watanymyzyň dünýä derejesinde belent abraýyna buýsanmak bilen, bu asylly başlangyçlaryň öň hatarlarynda bolmaga çalyşýarlar.
Talyplaryň çykyşynda milletimiziň örän baý mirasyny gorap saklamak we wagyz etmek boýunça yzygiderli işleriň geçirilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözleri beýan edildi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň milli mirasyna bagyşlanan eserleri ýaşlar üçin egsilmejek ruhy baýlykdyr, watansöýüji nesli terbiýelemekde paýhas hazynasydyr, görelde mekdebidir. Şunuň bilen baglylykda, şanly Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda halkymyza sowgat berlen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly täze kitabynyň ähmiýeti bellenildi.
Çykyş edenler sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyza Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine çekýän ýadawsyz zähmeti üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, ýaş türkmenistanlylaryň özlerine bildirilen ýokary ynamy ödejekdiklerine, Berkarar döwletimiziň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna, milli Liderimiziň atalyk aladasyna gowy okamak, gurmak, döretmek bilen jogap berjekdiklerine ynandyrdylar.
Türkmen talyp ýaşlarynyň wekilleri ähli ýaşlaryň adyndan hormatly Prezidentimiziň şu günki taryhy maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary barada aýdanlaryny, milli bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmak baradaky tekliplerini tüýs ýürekden we doly goldaýandyklaryny aýtdylar. Ýaş türkmenistanlylar milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pikir alyşmalaryň jemlerini jemläp, çykyş edenleriň hem-de mejlisiň işine gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu gün döredijilik ýokary göterilişi ýagdaýynda, ata Watanymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmäge gyzyklanmak bilen, Garaşsyz Diýarymyzyň döwlet we jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň örän möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz şu mesele boýunça mejlisde çykyş edenleriň ählisiniň öňe sürlen başlangyçlary gyzgyn goldandyklaryny kanagatlanma bilen belläp, mejlisiň barşynda olaryň aýdan ähli tekliplerine we belliklerine hökmany suratda serediljekdigini aýratyn nygtady.
Mejlise gatnaşyjylar öz çykyşlarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar ykdysadyýetine we innowasion ösüşe doly geçirmäge gönükdirilen konstitusion hem-de ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyň häzirki döwürde esasy wezipe bolup durýandygyny bellediler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.Gelip gowşan teklipleriň esasynda işlenip taýýarlanan resminamalaryň kabul edilmegi biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy hem-de jemgyýetimizi ýakyn we has uzak geljekde ösdürmegiň maksatlaryna doly laýyk gelýär.
Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam edip, öz çykyşynda hem ýaňy belläp geçişi ýaly, ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edaralarynyň düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, milli parlamentiň işini jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki talaplaryna laýyk getirmek, jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklary tapgyrma-tapgyr ösdürmegi üpjün etmek, şeýle hem döwlet-hukuk edaralarynyň işini baýlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny üýtgetmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny nygtady.
Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlygyna gaýtadan seredip, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli döwlet häkimiýet edarasyny iki palataly edara öwürmek dogry bolar diýip pikir edýärin.
Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Permana gol çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow emele gelen asylly däbe eýerip, zähmetde tapawutlanan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de olara hormatly atlary dakmak hakyndaky degişli resminamalara gol çekdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýokary şahsy hyzmatlaryny ykrar etmek bilen, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge, şeýle hem Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmäge goşan uly goşandyny we köp ýyllyk diplomatik gullugyny göz öňünde tutup hem-de minnetdarlygyň we hormat goýmagyň nyşany hökmünde, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewany ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglamak, oňa - Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak hakynda karara gelindi.
Ol ýokary ussatlyk derejesinde ýeten örän netijeli diplomat bolmak bilen, uzak ýyllaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyza mynasyp wekilçilik edip gelýär. Onuň tutanýerli hem-de önjeýli işi netijesinde Bitarap döwletimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen ençeme halkara başlangyçlary kabul edildi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Ataýewanyň mynasyp bolan bu belent sylagyny Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyna, ähli diplomatik gulluklarymyzyň işine berlen ýokary baha diýip hasap edýändigini nygtady.
Milli Liderimiz diplomata berk jan saglyk, abadançylyk, Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan jogapkärli işinde täze üstünlikleri arzuw edip, degişli Permana gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip,ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolanlaryň arasynda Türkmenistanyň şöhratly ogly, Russiýanyň kosmonawty Oleg Kononenkonyň hem bardygyny aýtdy. Ol Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany diýen belent ada hem-de köpsanly ordenlere we sylaglara mynasyp boldy.
Uçarman kosmonawt Oleg Kononenkonyň älem giňişligine tarap ýoly türkmen topragyndan, ýagny Türkmenabat şäherinden başlandy. Ol bu ýerde önüp-ösdi hem-de zähmet we sport bilen meşgullandy. Biz ildeşimiz Oleg Kononenkonyň älem giňişligini özleşdirmek ýaly şeýle möhüm ugurda gazanýan örän guwandyryjy üstünliklerini uly gyzyklanma bilen synlaýarys diýip, milli Liderimiz belledi. Türkmenistanlylar älem giňişligine dört gezek uçup, açyk äleme bäş gezek çykan meşhur ildeşiniň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýarlar.
Häzirki wagtda Oleg Kononenkonyň döwürdeş kosmonawtlarynyň arasynda Halkara kosmos stansiýasynda iň köp wagtlap bolandygyny bellemek ýakymlydyr. Şu kosmos stansiýasynda dört gezek uçuşynyň dowamynda ol ýeriň orbitasynda 737 günläp boldy.
Häzire çenli şeýle netije gazanan başga hiç kim ýok. Şoňa görä-de, älem giňişligini parahatçylykly maksatlar bilen özleşdirmekde görkezen şahsy gahrymançylygy, ýokary hünär ussatlygy we gazanan üstünlikleri, şeýle hem ýurduň we jemgyýetiň öňünde bitiren görnükli hyzmatlary üçin Oleg Kononenkony hem iň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglamak — oňa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak barada karara gelendigimizi yglan etmek meniň üçin iň ýokary hyzmatdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, hormatly Prezidentimiziň kanagatlanma bilen belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hem Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk, gadymdan gelýän dostluk, hyzmatdaşlyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklar häzirki döwürde örän giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär.
Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmäge üýtgewsiz gyzyklanýandygymyzy belläp, Türkmenistanyň we Russiýanyň gatnaşyklarynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary geljekde hem giňeltmäge, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini açmaga, onuň ugurlaryny giňeltmäge, netijede bolsa dostlukly türkmen-russiýa gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin özara tagallalary etmäge hemişe taýýardygymyzy tassyklap, Oleg Kononenko Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Soňra milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Halk Maslahatynyň indiki mejlisini 2020-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirmegi teklip etdi we degişli Karara gol çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistany 2020-nji ýylda durmuş - ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny makullamak hakynda Karara gol çekdi.
Soňra Halk Maslahatynyň mejlisi döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy bilen dowam etdirildi. Sylaglamak hakyndaky Permanlary yglan etmek üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berilýär.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewany ýene bir gezek Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy bilen gutlap, oňa iň ýokary döwlet sylagyny gowşurýar.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili özüne bildirilen ägirt uly hormat üçin milli Liderimize çuňňur hoşallygyny beýan edip, munuň özi üçin aýratyn jogapkärçilikdigini, mundan beýläk hem döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan netijeli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek, halkara giňişliginde Watanymyzyň abraýyny belende galdyrmak üçin mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny beýan etdi.
Milli Liderimiz dabaraly ýagdaýda Oleg Kononenko ýokary döwlet sylagyny gowşurýar. Döwlet Baştutanymyz ildeşimizi Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy bilen gyzgyn gutlap, oňa älem giňişligini parahatçylykly özleşdirmekde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Oleg Kononenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna bu bildirilen sylag üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu sylagyň özi üçin diňe bir bitiren hyzmatynyň ykrar edilmegini däl, eýsem, ozaly bilen, Watany - söýgüli Türkmenistan bilen aýrylmaz baglanyşygyň nyşanyny aňladýandygyny nygtady.
Kosmonawtyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda öz milli Lideriniň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, daşary syýasatda, ylymda, medeniýetde, sungatda, sportda öň görlüp eşidilmedik üstünlikleri gazanyp, okgunly ösýän ajaýyp ýurtda türkmen topragynda doglandygyna buýsanýandygyny belledi.
Oleg Kononenko “Älem barlaglary bilen meşgullanýan adam hökmünde men Türkmenistanyň bu ulgamda öz hususy ilkinji emeli zemin hemrasyny uçurandygyna haýran galýaryn” diýip, Watana bolan aýratyn duýgyny başdan geçirýändigini hem-de onuň gazananlaryna tüýs ýürekden şatlanýandygyny belledi.
Bu üstünlikleriň hemmesi hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz döwlet we halkara işi bilen baglanyşyklydyr diýip, kosmonawt nygtady.
Oleg Kononenkonyň belleýşi ýaly, beýik Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasyndaky günde ünsi, kosmos uçuşyny ýerine ýetirýän döwründe beren goldawy üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi. Kosmonawtyň aýdyşy ýaly, äleme dördünji sapar uçuşynda öz ýany bilen döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyny alandygy ýöne ýerden däldir.
Oleg Kononenko hormatly Prezidentimize ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi we türkmenistanlylaryň ählisini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk we halkymyzyň hem-de Watanymyzyň bähbidi ugrunda alyp barýan ýadawsyz işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakmak we Türkmenistanyň “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglamak hakynda degişli Permanyny okaýar.
Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda dürli ugurlarda çekýän yhlasly zähmeti hem-de ýaş nesli watançylyk we ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary bilen terbiýelemekde bitirýän hyzmatlary üçin “Hormatly il ýaşulusy” diýen at dakylan ýaşuly nesliň wekillerine degişli nyşanlary we şahadatnamalary hem-de “Zenan kalby” ordenine mynasyp bolan ildeşlerimize sylaglary gowşurýar.
Olar halkymyzyň abadançylygy we ýurdumyzyň rowaçlygy babatda döwlet Baştutanymyzyň edýän ýadawsyz zähmeti üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň elinden söz bilen beýan edip bolmajak duýgy bilen sylaglary alýarlar.
Soňra ýene-de milli parlamentiň Başlygy G.Mämmedowa söz berilýär. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakmak hakynda Mejlisiň Kararyny yglan edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň täze taryhy döwürde durmuş-ykdysady babatda gazanýan üstünlikleri, döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň ady we beýik işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiz zamanamyzyň beýik şahsyýeti, görnükli döwlet we syýasy işgäri, halkyň wepaly Ogly hem-de bütin dünýäde giňden ykrar edilen milli Lider, ata Watanymyzyň täze taryhyna öçmejek röwşen sahypalary ýazan külli türkmeniň Arkadagy hökmünde halkymyzyň çuňňur söýgüsine hem-de hormatyna mynasyp boldy. Milli Liderimiziň ýadawsyz tagallalary bilen ýurdumyz öz ösüşinde täze belentliklere çykyp, rowaçlygyň Watanyna öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyza “Hormatly il ýaşulysy” diýen at ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny berkitmäge goşan uly şahsy goşandy, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, döwrüň aýdyň we oýlanyşykly ýörelgesini esaslandyryp, döwletliligiň synmaz sütünini berkarar etmekde, ýurdumyzyň keşbiniň tanalmaz derejä ýetmegini üpjün eden oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde bitiren ägirt uly işleri üçin hem-de ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine çekýän döredijilikli, halal we päk ýürekli zähmetini hem-de nusgalyk işlerini,ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzdan, jemgyýetçilik guramalaryndan gelip gowuşýan köpsanly haýyşlary we teklipleri nazara alyp, seýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramy mynasybetli dakylýar.
Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda däbe öwrülen türkmen donuny we ak telpegi geýýär. Milli Liderimize şeýle hem degişli nyşan gowşurylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara minnetdarlyk sözleri bilen ýüzlenip, mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmagyň, gadymdan gelýän milli däp-dessurlary we adatlary gorap saklamagyň we ösdürmegiň, halkymyzyň bitewüligini we jebisligini pugtalandyrmagyň görelde bolmagyň oňat mysalynda görkezmek arkaly ýaş nesli terbiýelemegiň her birimiziň mukaddes borjumyzdygyny nygtady.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň kuwwatly döwletleriň biri bolmak bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýändigini hem-de parahatçylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýandygyny nygtady. Biziň her birimiz Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidi üçin yhlasly okasak, wepaly we halal zähmet çeksek, agzybirlikde we jebislikde öňe gitsek, islendik belent sepgitlere ýeteris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň dakylmagynyň özüne uly jogapkärçiligi ýükleýändigini nygtap, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmenistanlylaryň parahatçylykly bagtyýar ýaşaýyşyny üpjün etmekde mundan beýläk-de güýç-gaýratyny aýamajakdygyny beýan etdi. Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda öz şeýle goşgusyny okady.
Ajap eýýam, ajap çagym bar,
Ýalkym saçýan şam çyragym bar,
Hak sylamyş Beýik gerçegiň,
Gahryman halkymyz bar.
Döwlet Baştutanymyz hemmeleriň şowhunly el çarpyşmasy bilen garşylanan “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan” diýen ruhubelent sözler bilen öz çykyşyny tamamlady.
Soňra milli Liderimiz ýygnananlara jemleýji söz bilen ýüzlenip, şu abraýly wekilçilikli maslahatda Türkmenistanyň halkynyň ýurdumyzy ykdysady hem-de durmuş taýdan ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek baradaky üýtgewsiz erk-isleginiň we meýilleriniň beýan edilendigini aýtdy.
Halk Maslahatynyň tutuş işi öňde goýan wezipelerimizi abraý bilen ýerine ýetirjekdigimizi we berkarar Watanymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmek baradaky belent maksadymyza ýetmegiň aýdyň ýolunda bize uly üstünlikleriň garaşýandygyny görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemlerini jemläp hem-de gün tertibine girizilen ähli meselelere garalandygyny belläp, mejlise gatnaşan wekillere, esasan-da, ýurdumyz üçin möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de Halk Maslahatyň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşan adamlaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şunuň bilen Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.
Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Döwlet senasy belent ýaňlanýar.
Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we Ruhyýet köşgünden ugrady.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi