Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky 

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Maryda sadaka berdi we Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi


28.02.2020


Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde - Gurbanguly hajy metjidinde berlen sadaka gatnaşdy.


Irden hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Mara tarap ugrady.


Sebitiň merkezi şäheriniň howa menzilinde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mary welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.


Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyz şäheriň merkezi böleginde ýerleşen metjide tarap ugrady.


Sebitiň baş metjidi welaýatyň ýaşaýjylarynyň haýyşy boýunça 2009-njy ýylda guruldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu asylly iş üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň haýyr-sahawat gaznasyndan serişdeleri bölüp berdi. Dindarlaryň haýyşy boýunça metjit Gurbanguly hajy metjidi diýlip atlandyryldy.


Bu toplum döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilen raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şol sanda dine uýmak azatlygynyň berk berjaý edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.


Ak mermerli metjit şäheriň esasy ajaýyplyklarynyň biridir. Bina milli binagärligiň iň gowy däpleriniň esasynda guruldy. Ýokarsynda altynsow reňkli ýarymaý şekillendirilen, nagyşlar bilen bezelen esasy gümmeziň diametri 24 metre barabardyr. Dört minaranyň her biriniň beýikligi 63 metrdir. Namaz okalýan zal bir wagtyň özünde 2,5 müň adamyň namaza durmagy üçin niýetlenendir. Metjidiň ýokarky gaty zenanlara niýetlenendir. Gümmezi sütünleriň 8-si saklaýar.


Binanyň içi mermer, granit we agajyň gymmat bahaly görnüşleri bilen bezeldi. Metjidiň bezeginde Gurhanyň sürelerinden alnan haşamly ýazgylar aýratyn orun eýeleýär. Şolar binanyň öň tarapyny hem bezeýär. Dürli reňkli yşyklaryň şugla saçmagy netijesinde metjit agşamlaryna has-da owadan görünýär.


Topluma sadaka üçin niýetlenen ýörite desga, dini dessurlary berjaý etmek üçin niýetlenen bina, myhmanhana we beýleki desgalar girýär. Ajaýyp suw çüwdürimleri metjidiň merkezi basgançaklaryny bezeýär.


2018-nji ýylda geçirilen abadanlaşdyryş işleriniň netijesinde Gurbanguly hajy metjidi täze keşbe eýe bolup, ajaýyplygy bilen şäheriň ýaşaýjylarynyň hem-de köp sanly zyýaratçylaryň buýsanjyna öwrüldi.


Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy metjidiň golaýynda saklanýar.


Bu ýerde milli Liderimiz din wekilleri we ýaşulular bilen söhbetdeş boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ykdysady kuwwatyny has-da artdyrýan ýurdumyzda mähriban halkymyzyň parahat, abadan we bagtyýar durmuşynyň, döwletimiziň rowaçlygynyň bähbidine giň möçberli çäreler amala aşyrylýar, eziz Diýarymyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbini özgertmek, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça uly işler geçirilýär.


Döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululara bu işlere işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, ýaşuly nesliň milli ruhy mirasy artdyrmakdaky möhüm orny hem-de ýaş nesli ruhubelentlik, zähmetsöýerlik we watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki hyzmatlaryny belledi.


Öz nobatynda, hormatly ýaşulular hormatly Prezidentimize welaýaty ösdürmek barada edýän ýadawsyz aladasy, Watanymyzyň abadançylygyna we rowaçlygyna, halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilen ägirt uly işleri, ýaşuly nesil barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize eziz Watanymyza hyzmat etmek ýaly asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.


Söhbetdeşlik tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşulular bilen bilelikde häzirki Marynyň binagärlik toplumynyň hakyky bezegi bolup durýan metjide bardy. Şol ýerde Türkmenistanyň müftüsi ýurdumyzyň asudalygy, halkymyzyň agzybirligi, milli Liderimiziň belent başynyň hemişe aman bolmagy, janynyň saglygy we il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç almagy üçin doga-dileg etdi.


Soňra hajy Arkadagymyz mukaddes Mekgeden özüne ýadygärlik sowgat diýlip iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtügiň ajaýyp ylahy gymmatlyk hökmünde Mary welaýatynyň baş metjidinde goýulýandygyny aýtdy.


Bu gün şu ýerde - Gurbanguly hajy metjidinde şeýle hem keramatly teperrik goýuldy. Mälim bolşy ýaly, bu keramatly teperrik ýurdumyzyň ähli metjitlerinde goýlup, oňa halkymyz uly hormat bilen tagzym edýär. Bu teperrik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa haj parzyny berjaý eden wagtynda çuňňur hormat-sarpanyň nyşany hökmünde sowgat berildi.


Hormatly ýaşulular mukaddeslikleriň öňünde tagzym edip, Beýik Biribardan hajy Arkadagymyzyň ähli asylly başlangyçlarynyň üstünlikli amala aşmagyny dileg etdiler.


Soňra Türkmenistanyň müftüsi we Gurbanguly hajy metjidiniň ymamy hormatly Prezidentimizi metjidiň aýratynlyklary, onuň bezeginde ulanylan çeperçilik usullary bilen tanyşdyrdylar hem-de metjidiň diwarlaryndaky mukaddes ýazgylaryň ähmiýeti barada gürrüň berdiler.


Milli Liderimiz metjidiň binagärlik aýratynlyklary bilen tanşyp, sadaka jaýyna bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz özüniň döreden Türkmenistan, onuň gadymy taryhy, özboluşly medeni däpleri we häzirki güni barada gürrüň berýän ajaýyp eserleriniň galam hakyndan düşen serişdeleriň hasabyna sadaka berdi.


Jemgyýetiň ahlak ýörelgelerini pugtalandyrmak hem-de taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde ata-babalarymyzyň miras galdyran özboluşly däp-dessurlary mynasyp dowam etdirilýär.


Gadymy döwürlerden bäri türkmenleriň sadaka bermek däbi saklanyp galypdyr. Sadaka ähli döwürlerde-de jemgyýeti has jebisleşdirýän dessurlaryň biri bolmak bilen, häzirki döwürde hem halkyň agzybirliginiň, nesilleriň dowamatlylygynyň nyşany bolmagynda galýar.


Milli Liderimiz ýygnananlar bilen salamlaşyp, şu gün Mary welaýatynda ata Watanymyzyň rowaçlygy, il-günümiziň abadançylygy we asudalygy üçin, şeýle hem welaýatyň baş metjidiniň öňki ymamy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Şamyrat agany ýatlap, sadaka berilýändigini belledi.


Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýyl-ýyldan rowaçlanyp, ösüp barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ähli ugurlarda ýokary sepgitlere ýetilip, ýurdumyz dünýäde abraýly-mertebeli döwletleriň birine öwrülýär. Halkymyz bolelin, abadan hem-de rahat durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Welaýatlarymyz hem ýokary sepgitleri eýeleýärler, döwletimiziň gazanýan üstünliklerine saldamly goşantlaryny goşýarlar.


Mary topragy hem merdana ata-babalarymyzyň gadymy mekanlarynyň biridir diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu ýerde türkmeniň şöhratly taryhynyň, gahrymançylykly geçmişiniň ýatandygyny nygtady. Häzirki döwürde ata-babalaryň şöhratly däplerine eýerip, agzybirlikde, yhlas bilen işleýän welaýatyň zähmetkeşleriniň Garaşsyz döwletimiziň gazanýan üstünliklerinde mynasyp paýy bar.


Welaýat senagat taýdan ýokary depginler bilen ösýär. Bu ýerde Mary GRES, azot we karbamid zawodlary, «Galkynyş» gaz käni ýaly iri senagat toplumlary ýerleşýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.


Hormatly Prezidentimiz bu desgalaryň ýurdumyzyň ösüşini has-da çaltlandyrmakda, kabul eden maksatnamalarymyzy amala aşyrmakda, uly isleg bildirilýän önümleri daşary ýurtlara ibermekde möhüm ähmiýetiniň bardygyna aýratyn ünsi çekdi.


Biziň halkymyz «Kyýamat güni goňşudan» diýýär. Şoňa görä-de, goňşularymyz bilen parahat, asuda, ylalaşykly ýaşamak, birek-birege goldaw-hemaýat etmek halkymyzyň milli aýratynlygydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.


Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, goňşy, doganlyk halklaryň ojagyny ýylatjak hem-de müňlerçe iş orunlaryny döretjek Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň şu ýerdäki «Galkynyş» gaz käninden başlanýandygyny we onuň ähmiýetini belledi.


Nesip bolsa, ýene-de az wagtdan welaýatdaky elektrik stansiýalaryndan Owganystana we Pakistana täze elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygy hem tamamlanar. Bu bolsa doganlyk ýurtlaryň elektrik energiýasyna bolan islegini üpjün etmek bilen birlikde, ýurdumyza gyzyl pulda köp möçberde girdeji hem getirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.


Milli Liderimiz welaýatyň daýhanlarydyr maldarlary hem yhlasly zähmet çekip, gallanyň we pagtanyň, gant şugundyrynyň bereketli hasylyny alýandyklaryny, maldarçylyk önümlerini bol öndürýändiklerini belläp, sebitiň zähmetkeşleriniň geljekde hem tutanýerli işläp, ýurdumyzy has-da ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.


Türkmen halky hemişe dinini, däp-dessuryny gorap, milliligini saklap gelýän halk. Şundan ugur alyp, döwletimiz raýatlarymyzyň islän dinine uýmagy, däp-dessurlarymyzy erkin berjaý etmegi, halal zähmet çekip, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýär.


Welaýatlarda metjitleriň gurulmagy, ata-babalarymyzdan gelýän adatlarymyzyň dowam etdirilmegi, haj parzyny berjaý etmäge isleg bildirýänlere hemaýat-goldaw berilmegi muny aýdyň görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we halallygy, ynsanperwerligi we ýagşylygy ündemekde bu haýyrly işleriň ähmiýetiniň örän uludygyny nygtady.


Olaryň ösüp gelýän ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzyň asylly däpleri esasynda watançylyk, arassa ahlaklylyk we mertlik ruhunda terbiýelemekde hem belli bahasy ýokdur.


Döwletimiz geljekde hem halkymyzyň has-da jebisleşip, agzybir we abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


Milli Liderimiz ýaňy ýurdumyzyň mundan beýläk-de rowaçlygy, halkymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy üçin, şeýle hem welaýat baş metjidiniň öňki ymamy Şamyrat agany ýatlap, aýat-doga edilendigini aýdyp, onuň gowy adam bolandygyny, dinimizi gorap saklamakda, däp-dessurlarymyzy, milliligimizi wagyz etmekde uly işleri bitirendigini nygtady.


Merhumyň ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun! Gudraty Güýçli Allatagala onuň dogan-garyndaşlaryna güýç-kuwwat bersin!


Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň müftüsine söz berdi. Ol tebärek çykdy. Tebärek okalandan soňra nahar çekildi. Ýygnananlara türkmen tagamlary hödürlenildi. Nahardan soň, aýat-töwir edildi.


Çärä gatnaşyjylar Beýik Biribardan eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary amala aşyrmakda milli Liderimize egsilmez güýç-gaýrat we uly üstünlikler dileg etdiler.


Sadakanyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, şeýle diýdi:


- Goý, berlen sadaka, edilen aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!


Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk bolsun!


Soňra milli Liderimiz şu gün asylly işiň amala aşyrylandygyny belläp, ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.


Şol gün metjitde hormatly ýaşulularyň hem-de ilatyň gatnaşmagynda juma namazy okaldy.


Şu günki çäre köpasyrlyk asylly milli däplerimiziň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.


Şeýle hem şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Marynyň baş metjidine awtoulag sowgat berildi.


Soňra Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.


Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, welaýatlarda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek hökümet mejlisine taýýarlyk meselelerine, ýurdumyzy 2020 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryna garaldy.


Döwlet Baştutanymyz göçme mejlisiň barşynda welaýatlaryň häkimleriniň oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan işler, sebitlerde gurulýan dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler baradaky hasabatlaryny diňledi.


Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini barada maglumat berildi.


Mundan başga-da, durmuş ulgamyny ösdürmek, Ministrler Kabinetiniň iki aýyň jemleri boýunça geçiriljek mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hökümetiň mejlisine hem-de şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmek meselelerine ünsi çekdi.


Şunuň bilen birlikde, welaýatda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy bilen bagly wezipeleriň üstünlikli çözülmelidiginiň zerurdygy bellenildi.


Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem şu ýylyň şanly senelerine gabatlanylyp ulanylmaga beriljek desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.


Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi.


Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow häzirki döwürde alnyp barylýan işler, şol sanda dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň we olaryň hil derejesiniň bildirilýän talaplara laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzy 2020 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksadynda geçirilýän işler barada habar berildi.


Milli Liderimiz sebitde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bir hatarda, durmuş ulgamyna degişli meseleleriň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi. Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, oba milli Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi.


Şunuň bilen birlikde, ýylyň dowamynda meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy, şanly seneler mynasybetli açyljak desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyldy.


Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak boýunça zerur tagallalary etmek, gowaça ekişine guramaçylykly girişmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.


Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy we ony üstünlikli berjaý etmegiň ugurlary barada habar berildi.


Welaýatyň häkimi şeýle hem ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, şanly seneler mynasybetli geçiriljek çäreleriň maksatnamasy hem-de şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz welaýatyň senagat düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, bu babatda welaýatda ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi.


Döwlet Baştutanymyz ýaz-meýdan işlerine taýýarlyk görmäge ünsi çekip, daýhanlaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.


Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler bilen döwlet durmuşynyň wajyp meselelerini hem-de ýurdumyzy 2020 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan işiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.


Döwlet Baştutanymyz halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeleriň, Hökümetiň iki aýyň jemlerine bagyşlanan mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde, Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna çenli tamamlamak üçin ähli çäreleri görmek barada görkezmeler berildi.


Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, önümçilik düzümlerini ösdürmek, ykdysadyýetiň pudaklarynda ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak, ylmyň täze gazananlaryny iş ýüzünde peýdalanmak bilen baglanyşykly meselelere zerur ähmiýet berilmelidigini aýtdy.


Milli Liderimiz döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegi, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy bilen bagly wezipeleriň çözgüdine jogapkärli we toplumlaýyn esasda çemeleşmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.


Göçme mejlisiň dowamynda başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýurdumyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Döwlet Baştutanymyz iş saparyny tamamlap, Mary şäheriniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden paýtagtymyza ugrady.


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi