Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky 

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi hem-de täze desgalaryň birnäçesindäki işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy


05.03.2020


Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde döredilen ýaşyl zolaklary synlady. Milli Liderimiz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň haýyşy boýunça köpçülikleýin bag ekmek dabarasy üçin niýetlenen bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanyşdy.


Bahar paslynyň gelmegi bilen, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän ajaýyp künjekde özboluşly gözellik emele geldi. Giň ýaýlalaryň bezegine öwrülen hemişe gök öwüsýän tokaý zolaklary dag gerişlerine düşen ak garyň keşbi bilen özboluşly sazlaşygy döredýär. Şeýle hem bu künjegiň ýakymly howa gurşawy ýurdumyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleriniň milli Liderimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.


Döwlet Baştutanymyz Şapolat atly bedewe atlanyp, bu ýerde döredilen tokaý zolaklaryny, dag eteklerinde ekilen baglary synlady. Yzygiderli idegiň ýola goýulmagy netijesinde bu künjek bagy-bossanlyga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn bag ekmek strategiýasy ýurdumyzda amatly ekologiýa ýagdaýynyň emele gelmegini üpjün edýär.


Bu ýerde wise-premýer E.Orazgeldiýew her künjegiň toprak-howa şertlerini nazara alyp, ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşlerini görkezip, olary synlamagy we bu babatda degişli öwüt-ündewlerini  bermegi döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi. Şolaryň arasynda saýaly, pürli we miweli baglaryň, arçalaryň dürli görnüşleri, derek agajy bar. Şu günler köpçülikleýin bag nahallaryň ekiljek ýerleri talaba laýyk derejede taýýarlanyldy.


Milli Liderimiz ýurdumyzyň “gök guşagyny” giňeltmek baradaky işlere örän jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny aýdyp, ilatyň bag ekmek çäresine köpçülikleýin gatnaşmagynyň asylly iş hasaplanylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bag ekmegiň we olara degişli derejede ideg etmegiň ekologiýa babatda bolşy ýaly, nesillerde halal zähmete söýgini pugtalandyrmakda-da aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmegiň ähmiýeti baradaky gürrüňini rowaýatyň üsti bilen dowam etdi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, ir zamanlarda bir tejribeli daýhan öz ogluna mellek ýerindäki bagyň düýbünde köp mukdarda baýlyk gömüp goýandygyny aýdýar. Ogly atasynyň aýdan sözünden ruhlanyp, yhlas bilen her bir bagyň düýbüni agdaryp çykýar. Baýlyk welin tapylmaýar.


Yhlas siňdirilip agdarylan toprak bahar paslynyň yzgaryny özüne siňdirýär. Agdarlyp arassalanan we suwdan ýagşy ganan miweli agaçlar tutuşlygyna güle bürenýär. Güýz paslynda bu baglaryň ir-iýmişleri aýratyn bereketli bolýar. Hasylyny ýygnap döwlet tapan oglan kakasynyň sargydynyň hakyky baýlygyň halal zähmetdedigini aňladýan çagyryşdygyna düşünip galýar.


Döwlet Baştutanymyz ýaş nesilleriň zähmet we topraga bolan söýgüsini artdyrmak ugrunda hemmetaraplaýyn işleriň alnyp barylmalydygyny, bu işleriň rysgal-berekediň özenidigini belledi.


Milli Liderimiz bag nahallarynyň aýratynlyklary barada aýdyp, beýleki agaçlar bilen bir hatarda, derek agajyna aýratyn gadyr goýulýandygyny nygtady. Halk arasynda derek agajynyň baldaklarynyň berkemegi maşgala abadançylygy, agzybirligi hökmünde kabul edilipdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň derek agajy barada rowaýatynyň bardygyny aýtdy. Gadymy döwürlerde iki ýaş juwanyň durmuş toýuny tutan pursatlarynda olar maşgala abadançylygyny, agzybirligi alamatlandyrýan derek agajyny ekipdir. Rowaýatda aýdylyşy ýaly, ýaş juwanlaryň eken deregi ösüp-örňäp, beýik bag bolupdyr, ol uly iliň guwanjyna öwrülipdir.


Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde hem bu syrdam agajyň ýaýlalaryň, ýap boýlarynyň bezegidigini aýdyp, derek agaçlarynyň köpçülikleýin ekilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.


Milli Liderimiz tebigy-howa şertleri nazarda tutup, serwi agajynyň köpçülikleýin ekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu çäre ýagşy dessurlara laýyklykda, degişli rowaýatlar aýdylyp, joşgunly aýdym-sazlaryň utgaşmagynda geçirilmelidir diýip belledi. Munuň özi bag ekmek dabarasyna gatnaşýan adamlaryň ruhuny göterer.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Bahar paslynyň ilkinji günlerinde türkmen tebigaty özüniň ajaýyplygy, aýratyn-da, gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaş gözelligi bilen ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär.


Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň günorta künjeginde dowam edýän gurluşyklarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz ilki bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň diwanynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.


Döwlet Baştutanymyz gurluşygyň ýokary hil derejesine, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna, aýratyn-da daşky görnüşine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Bu işlerde ýerli gurluşyk serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy möhümdir. Milli Liderimiz desgalary öňdebaryjy tehnologiýalara laýyklykda enjamlaşdyrmagyň esasy talaplaryň biridigini aýdyp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.


Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çandybil şaýolunyň ugrunda Maslahatlar merkeziniň binasynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz gurluşyk işlerini öz wagtynda tamamlamagyň hem-de milli binagärlik ýörelgelerini we dünýäniň şähergurluşyk babatda iň gowy gazananlaryny ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.


Soňky ýyllarda Aşgabadyň sebit we ählumumy derejedäki iri forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülýändigini nazara almak bilen, bu ýerde gurulýan desgalar halkara ölçeglerine doly laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.


Soňra döwlet Baştutanymyz täze gurluşyklaryň ýene-de birine - Türkmenistanyň Kabul ediş merkeziniň binasyna baryp gördi. Hormatly Prezidentimiz ýerde ýerine ýetirilýän işler bilen tanşyp, bu binalar ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyk gelýän halkara çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüljekdigini belledi. Şoňa görä-de, binalaryň gurluşygyna, enjamlaşdyrylyşyna hem-de bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidir.


Milli Liderimiz bu binalaryň gurluşygynda işleriň haýal alnyp barylýandygyny aýdyp, olaryň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.


 


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi